Ekeremde zähmet joşýar

9 Sentýabr 2024
385

Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet Baştutany wezipesinde işläp başlan ilkinji gününden bäri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça kabul edýän kararlarydyr çözgütlerinde, beýleki düzümler bilen bir hatarda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kuwwatyny has-da artdyrmagyň hem-de işini ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny aýratyn nygtaýar. Munuň özi konserniň pudaklaýyn düzümleriniň önümçilik wezipeleriniň yzygiderli ýerine ýetirilip, kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijileriniň we düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Şundan ugur alýan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna laýyk işleri bitirmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. Tutuş trest boýunça geçen hasabat döwründe gazuw işleri tamamlanyp, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylara tabşyrylan jemi 23 sany guýynyň 18-siniň ulanyş maksatly guýulardygy bu ugurda has belent sepgitlere ynamly gadam urulýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilýän guýulardan «gara altyn» almagyň meýilnamasynyň 102,7 göterime golaý berjaý edilmeginde burawlaýjylaryň goşandy uludyr. Bu üstünlikde Ekerem buraw işleri müdirliginiň hünärmenleriniň hem mynasyp paýy bar.

Ugurdaş kärhanalary bilen birlikde, Ekerem buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri-de Hytaýdan hem-de Russiýadan satyn alnan täze, has kuwwatly buraw desgalaryny netijeli işletmegiň hötdesinden gelýärler. Bu kämil enjamlardyr kuwwatly buraw desgalary 7 müň metre çenli çuňluk geçmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Hut şu ýagdaýyň özi miosen gatlaklaryndaky nebitiň täze, çuň ýataklaryny açmaga we özleşdirmek üçin elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge ygtybarly binýat bolup durýar. Bar bolan mümkinçilikleri ýerlikli ulanmagy başarýan bu müdirlikde şu ýylyň geçen hasabat döwründe Günbatar Türkmenistanyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklarynda gazuw işleri üstünlikli amala aşyrylan guýularyň dördüsi önümçilige tabşyryldy. Şol täze guýularyň üçüsiniň ulanyş maksatly guýulardygy bolsa aýratyn bellärliklidir.

Atageldi SEÝIDOW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar