Pederleriň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi

13 Awgust 2024
579

Pederlerimiziň ruhy siňen edebi mirasymyza, baý milli gymmatlyklarymyza, asylly däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza daýanmak esasynda, ýaşlarda gymmatly ahlak häsiýetleriniň berk binýady kemala gelýär. Ömrüni, ykbalyny Watana bagyşlap, mübärek nesilleri terbiýelän ynsanlaryň ady taryhda galýar, halkyň hakydasynda ýaşaýar. Olaryň durmuş ýoly nesilleri watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusga bolup, ýörelge mekdebi bolup galýar. Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy, ilhalar ynsan, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşy, ömür ýoly, çeper döredijiliginde öňe süren pikirleri hem nesiller üçin görelde mekdebidir. Peder göreldesiniň, ata terbiýesiniň ähmiýetine, nesilleriniň ykbalyna edýän mukaddes täsiriniň nähili uludygyny Gahryman Arkadagymyzyň öz kyblasyna bagyşlap ýazan setirlerinde örän çeper beýan edilýär. Onuň kyblasynyň ýagty ýadygärligine bagyşlap ýazan «Atamyň» atly şygrynda şeýle setirler bar:

Mätäje uzatdy kömek goluny,
Mukaddeslik saýdy ene dilini,
Il içinde alkyş boldy alany,
Ýollary alkyşdan doly atamyň.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar