Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

7 Awgust 2024
496

«Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýan hem-de onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýan ýurt hökmünde tanalýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz pudagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşlere beslenýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda pudakda önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn durmuşa geçirilýändigini, uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň we tehniki-ykdysady maksatnamalaryň esasynda çykarylýan uglewodorod çig mal serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak babatda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri häzirki wagtda ýokary depginde dowam etdirilýär. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Topluma sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatda öňde durýan aýdyň maksatlaryň abraý bilen berjaý edilmegi bolsa, döwletimiziň ykdysadyýetiniň bedew batly ösüşlerine okgunly itergi berýär.

Seýitmämmet TEKÄÝEW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar