Maşklar — sagdynlygyň girewi

11 Aprel 2024
656

Maşklaryň esasy maksady günüň dowamynda adamyň özüni işjeň ýagdaýda saklamak üçin kesgitlenilen hereketleri ýerine ýetirip, bedenini dürli kesellerden goramagyny gazanmakdan, nerw ulgamyny berkitmekden ybaratdyr.

Gündelik fiziki maşklar saglygy pugtalandyrýar, myşsalaryň ösmegine ýardam edýär. Şoňa görä-de, her bir ukyply adama, ýaşyna, jynsyna, çekýän zähmetine garamazdan, sagaldyş maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Sagaldyş maşklaryna, ilkinji nobatda, irden ýerine ýetirilýän maşklar degişlidir. Ir säher bilen ýerine ýetirilen maşklaryň hasabyna beden uky ýagdaýyndan oýa ýagdaýyna çalt geçýär. Maşklar ýerine ýetirilende, nerw impulslary bogunlaryň we myşsalaryň hereketi netijesinde merkezi nerw ulgamyna geçip, tutuş bedeni işjeň ýagdaýa getirýär. Bedenterbiýe maşklary gan aýlanyşygyny güýçlendirýär, dem alşy çuňlaşdyrýar we madda çalşygyny ýokarlandyrýar, netijede, adam günüň dowamynda özüni şähdaçyk alyp barýar.

Guwançmuhammet ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar