"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Parasatly pikirler

Bu barlyk — dag, hereketlerimiz — sesimiz. Sesimiziň ýaňy bolsa, hemişe biziň özümize dolanyp gelýär. ***

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Ussadyň paýhas hazynasy Ussadyň paýhas hazynasy ykbalyň türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan serpaýydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi sungat äleminiň iň bir ýagty ýyldyzlarynyň biri bolup, nuruny saçýar. Şu nukdaýnazardan hem akyldar şahyryň şygyrlary dünýä gymmatlygyna öwrüldi. Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewiligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr diýip, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz nygtaýar.

Ýürege jaý jümleler

Durmuşda üç zat adamyň özüne zyýan berer: öýke, açgözlük we ulumsylyk. Hemme zady ýitirseňem, rehimdarlygyňy ýitirme! Rehimdarlyk adamy adam edýän iň möhüm duýgudyr.

Ýarymlar

Hakyda

Uly ýoluň çatrygynda garaşaýyň... Orazberdi Ylýas daşyndan göräýmäge äwmezegräk ýaly görünse-de, ol mydama hereketdedi, özem känbir ulaga münmän, aglaba pyýada gezerdi. Murgap şäheriniň esasy köçesiniň ugry bilen edara-kärhanalara, mekdeplere, çagalar baglaryna baryp, adamlar bilen gürrüňdeşlik geçirerdi. Ýaşlaryň arasyndan sungata höweslilerini, aýdym-saza ukyplylaryny ýüze çykaryp, olaryň taplanmagyna kömek ederdi. Onuň zerurlyk bolmasa, känbir iş otagynda oturmasy bolmazdy. Bir gün obadan gelen ýaş oglanlaryň biri etrap medeniýet bölüminiň şol döwürdäki ýolbaşçysy, Orazberdiniň ýegre dosty Hydyr Aşyryň ýanyna baryp:

Hemra wäşiniň degişmeleri

Özüm demleýärin Hemranyň ýanyna dört-bäş sany obadaşy gürrüňçilige gelipdir. Hemranyň aýaly gelenlere çaý demläp bermek üçin taňkany ojakda oturdýar-da, özi ony-muny almakçy bolup dükana gidýär. Çaýy Hemranyň özi demlemeli bolýar. Oturanlar:

Çyn gülem, galmanam solup

Türkmen tebigatyny al-elwan güllere bürenip, kükräp gelen baharyň gözelligi bezese, milli şygryýetimiziň näzik duýgulardan pürepür dünýäsini köňülleriň we döwürleriň saýrak bilbili, «Yşk mülküniň şasy» Mollanepesiň göwün joşduryjy şygyrlary bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Kalbymyzda, aňymyzda «Yşk mülküniň şasy» hökmünde baky orun alan Mollanepes adamzat duýgularynyň hakyky waspçysydyr, ynsan kalbyna, ynsan ýüregine ruhy melhem beriji şahyrdyr» diýip, şahyryň döredijiligine berýän ýokary bahasy nusgawy şygryýetimiziň görnükli wekiliniň edebi eserleriniň gymmatyny kesgitleýär. Mollanepes 1810-njy ýylda doglupdyr. Şahyryň kakasynyň ady Kadyrberdi bolup, ol döwrüniň sowatly adamy hökmünde tanalypdyr, oglan okatmak bilen hem meşgullanypdyr. Kadyrberdiniň Agajyk bagşy, Ödekberdi, Hakberdi we Mollanepes diýen ogullary bolupdyr. Mollanepes Buharadaky, Hywadaky meşhur okuw mekdeplerinde okap, türkmen nusgawy edebiýatyny, esasan hem, Magtymgulynyň döredijiligini kemsiz özleşdiripdir.

Adamzadyň kalbynda orun alan akyldar

Magtymguly Pyragy adamzadyň kalbynda ebedilik orun alan şygyrlary ýazan, şol şygyrlaryň esasynda hem taryha adyny altyn harplar bilen ýazdyran beýik şahsyýetdir. Onuň çuň many-mazmuna ýugrulan, durmuşyň ähli ugurlaryndan söz açýan goşgulary bütin adamzat jemgyýetiniň, hususan-da, türkmen halkynyň taryhy, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dana şahyryň arzuwlan, çoh garaşan ajap eýýamy gelip, türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda berkarar Watanymyz günbe-günden ösýär, özgerýär, dünýä ýüzündäki at-abraýy beýgelýär, ýaşyl Tugumyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany bolup, al-asmanda pasyrdaýar. Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri bizi — bagtyýar ýaşlary hem örän buýsandyrýar, begendirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz

Halkyna eşretli durmuş bagyş eden,Arkadagly Gahryman Serdarymyz.Döwrümize beýik işler nagyş eden,Arkadagly Gahryman Serdarymyz. Sarpaly gojalar, mährem eneler,Goşalanyp gelýär baýram, seneler,Ak ýollar uzasyn ýene-ýeneler,Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

Türkmen halkynyň gymmatly edebi-ruhy baýlygy

Magtymgulynyň döredijiligi öz halkynyň gündelik durmuşy, arzuw-hyýallary bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyr parasatly sözi bilen halky, Watany söýmäge we oňa hyzmat etmäge çagyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz: “Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir” diýip belleýär. Watan türkmen üçin ähli zatdan gymmatdyr, ezizdir, mukaddesdir. Türkmen halky mukaddes hasaplaýan zatlaryny ezizleýär. Watansöýüjilik häsiýeti perzentlere sallançakda ene hüwdüsi bilen berlip başlanýar. Şonuň üçin bu duýgy milletimiziň aňyna ornapdyr. Bu mukaddeslik Magtymgulynyň döredijiliginde möhüm orny eýeläpdir. Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde eýeleýän orny uludyr. Türkmen halkynyň çylşyrymly döwri başdan geçiren zamanasynda ýaşan şahyr öz şygyrlary bilen halky agzybirlige, Watany söýmäge çagyrypdyr. Akyldar şahyryň eserleri halkymyzyň durmuşyny hemmetaraplaýyn öz içine alýar. Şahyryň döredijiliginde döwlet hem Watan temasy düýpli mesele hökmünde gozgalýar. Sarpasy belentde tutulýan şahyryň döredijiliginiň özeni Watana söýgüden başlanýar. Magtymguly il-ýurduny jany-teni bilen söýen şahyr. Ol ähli

Güýzüm

Şatlyk sen, ylham sen, melhem sen jana,Joşup ýazylmaly dessansyň, güýzüm!Yşkdan ganat baglap asman uçmaga,Zeminde gül açan bossansyň, güýzüm! Ak säheriň, al şapagyň, ak durnaň,Geň däl, dolanaryňa garaşyp ýörmäm,Bagt ahyr seni ýene-de görmäm,Kalbymdan syzylan kyssamsyň, güýzüm!

Balarylaryň «dosty» (Hekaýa)

Meniň bu ady alşymyň uzyn taryhy bar. Nähili aldyň diýýäňizmi?! Bu ady belli balçy ýaşulular dakdylar. Olar käte atamyň ýanyna oturmaga-da gelerdiler. Bir gezek olar söhbetdeşlikde oguzlar zamanynda Gorkut atanyň oguz ýigitlerine Bamsy Birek, Beset, Domrul diýip at dakyşyny ýatladylar. Onsoň atam gürrüňi maňa syrykdyrdy: «Onda bu günki maslahatda biziň dogmamyza-da at dakaýalyň, olam balarylara özüni ykrar etdirdi» diýip, ýylgyryp oturyşyna gelen ýaşululara ýüzlendi, ýaşulularam şol ady makul gördüler. «Adyňy biz berdik, ýaşyňy Taňry bersin!» diýip gutladylar. ...Özümi bilip, ilki daşaryk aýak basan günüm balarylar bilen tanyşdym. Sebäbi atam balçydy. Ol balarylaryny saklap, şolar bilen güzeranyny dolandyrýan adamdy. Göwnüme bolmasa, onuň özem balarylara meňzeşdi. Onuň bugdaýreňk ýüzi, kirpikmen uly gözi, hüwiniňki ýaly gerlip duran ösgün gaşlary, göni burny, mydama ýylgyrybrak duran ýüzi, işe werziş bolan ýaýbaň egni, galjaňlygy işçi aryny ýada salardy.

Döredijiligiň edebi meýdany

Toý goşgusy Ak bagta ýetendir halkym,Saçak doly nany bardyr.Ýel ygyna atar tolkun,Bugdaýly meýdany bardyr.

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, joşgunly we şirin zybanly waspçysy, halkynyň asuda, parahat ýaşamagyny arzuwlan şahyr. Onuň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy hazynadyr. Şahyryň döredijiligi türkmen edebiýatynyň müň öwüşginli almaz täjidir. Ol manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagyş eden, öz il-ýurduny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdyr. Dana şahyryň döredijiligi filosofik nukdaýnazardan hem durmuş hakykatyny özünde jemläp, hemişe adamlary ýagşylyga, agzybirlige, erkinlige çagyrýar. Onuň şygryýeti halkyň ykbalyny, watançylygyny hem gahrymançylygyny, milli mertebesini, ruhy dünýäsini, paýhas joşgunyny öz içine alýar. Akyldaryň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi türkmen jemgyýetiniň şu günki we geljekki nesilleriniň ruhy kämilligini, sagdynlygyny üpjün edýän ýörelgelerimiziň binýadydyr. Magtymguly Pyragy agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr. Akyldar şahyryň «Türkmen binasy» goşgusyndaky:

Garaşsyz Watan

Köňül buýsanjymsyň, asuda ülkäm, Gutly bolsun toýuň, Garaşsyz Watan!Erkinlik içinde göwünler galkar,Gutly bolsun toýuň, Garaşsyz Watan! Aýlar-ýyllar bize bagty getirdi,Bagtly günler ak daňlara atardy,Başymyzy arşa sary ýetirdi,Gutly bolsun toýuň, Garaşsyz Watan!

Magtymguly Pyragy

Şygyrlaryň bütin dünýäni gezer,Söz ussady Magtymguly Pyragy.Paýhas gämisini şygyrlaň bezär,Söz ussady Magtymguly Pyragy. Il-ýurt, Watan hakda şygyrlar ýazdyň,Bütin Ýer ýüzüni aýlanyp gezdiň,Paýhas ummanyny çuň boýlap ýüzdüň,Söz ussady Magtymguly Pyragy.

Şahyryň sözi — köňülleriň nagşy

Türkmen edebiýatynyň taryhyndan mälim bolşy ýaly, täze edebi çemeleşmeler arkaly döredijiligiň kämil nusgasyny döreden beýik söz ussatlarymyzyň mirasynda täze ýola, täze döwre, täze ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklaryna bolan çagyryş eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hem umumadamzat gatnaşyklarynyň sazlaşygyny döretmäge gönükdirilen ugurlary saýlap alyp, ýaşaýşa döredijilikli çemeleşmek, bilimiňi baýlaşdyrmak, dostluk däplerini pugtalandyrmak ýaly bähbitli ýörelgeleri ösdüren akyldardyr. Onuň ynsan mertebesini goramak babatdaky pikir-garaýyşlary jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilligini gazanmaga gönükdirilendir. Şunda esasy maksat kämillik hakyndaky garaýyşlaryň üsti bilen, ynsanyň ukyp-başarnygynyň, güýç-kuwwatynyň çäksizdigi hakyndaky pikiri öňe sürmekdir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Kämilleşmek — akyl-paýhasyň, aň-düşünjäniň, ukyp-başarnygyň sözüň doly manysyndaky hereket ediş çägini ýaýýanlygyndadyr» diýen çuňňur pelsepewi garaýşynyň düýp mazmunyna Magtymguly Pyragynyň döredijiligi arkaly hem göz ýetirmek bolýar.

Magtymguly mekdebi — türkmen-täjik dostlugynyň nyşany

Mälim bolşy ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar güni 2024 — 2025-nji täze okuw ýyly badalga aldy. Şol gün Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep hem ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Dostlukly ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Akyldar şahyryň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary bu durmuş ähmiýetli desganyň gurluşygyna sanly ulgam arkaly ak pata berdiler. Bu mekdebiň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda gapylarynyň açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp waka dogrusynda täjigistanly türkmenleriň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Pyragyny wagyz eden ulama

Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýäniň dürli ýurtlarynda ýokary gyzyklanma eýe bolup, şahyryň ajaýyp şygyrlary dilden-dile geçýär, aýdym bolup kalplara siňýär. Beýik söz ussadynyň ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna besleýän ajaýyp şygyrlaryny dürli dillere terjime edip, geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Şahyryň watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly taglymatlary asyrlar içre adamzada hyzmat edip gelipdir. Söz ussadynyň çuň pelsepä beslenen eserleri ynsan köňlüniň nagşyna öwrülip, dünýäniň dürli halklaryny parahatçylyga, agzybirlige, jebislige çagyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde ýazyşy ýaly, «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar». Häzirki wagtda döredijilik, ylym-bilim bilen meşgullanýan daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň Magtymguly Pyragynyň dünýäde asudalygyň, adamzadyň bagtyýarlygynyň, halklaryň özara düşünişmeginiň berkarar bolmagy baradaky şygyrlarynyň ähmiýetini, halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan baý medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmekde a

Beýik dana Magtymgyly

Ýalkym, nury Günde gördüm,Yşk mährini gülde gördüm,Söz gudratyn sende gördüm,Beýik dana Magtymguly. Dumanlydyr daglaň seri,Ylham göwnüň ganat-peri,Tagzym saňa, sözüň piri,Beýik dana Magtymguly.