Adamzadyň kalbynda orun alan akyldar

11 Sentýabr 2024
31

Magtymguly Pyragy adamzadyň kalbynda ebedilik orun alan şygyrlary ýazan, şol şygyrlaryň esasynda hem taryha adyny altyn harplar bilen ýazdyran beýik şahsyýetdir. Onuň çuň many-mazmuna ýugrulan, durmuşyň ähli ugurlaryndan söz açýan goşgulary bütin adamzat jemgyýetiniň, hususan-da, türkmen halkynyň taryhy, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Dana şahyryň arzuwlan, çoh garaşan ajap eýýamy gelip, türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda berkarar Watanymyz günbe-günden ösýär, özgerýär, dünýä ýüzündäki at-abraýy beýgelýär, ýaşyl Tugumyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany bolup, al-asmanda pasyrdaýar. Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri bizi — bagtyýar ýaşlary hem örän buýsandyrýar, begendirýär.

Gurbantäç IŞANOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar