"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Arkadagyň ýüregi deý dost-dogana barýan ýollar

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýä sary dost-doganlyk ýollary uzaýar, jahanyň ähli halklary, ýakynu-alys ýurtlary bilen gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Goňşy bilen duz-çörekli gatnaşmak, kyn gününde dostluk goluny uzatmak paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgesi. Olary bu gün beýik Ogullar mynasyp dowam etdirýärler. Goňşy Owganystan bilen gatnaşyklar munuň aýdyň mysaly dälmidir, eýsem?! Bular hakda söz açanyňda, ýakynda bolup geçen taryhy wakalary, dabaraly açylyşlary ýatlamak ýeterlik. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metre barabar bolan demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen «Serhetabat — Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan

Şygryýet

Ak bugdaý Gadym Änewde galanBize gowşan ak bugdaý.Ýetmez azygmyz dolanBize gowşan ak bugdaý.

Iň irki türkmençe «Futuwwetnama»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary we goldawy netijesinde adamzadyň medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan akyldarlarymyzyň edebi mirasy, döreden dürdäne eserleri töwerekleýin öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda çapa taýýarlanyp, neşir edilen şeýle eserleriň biri hem Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» atly kitabydyr. Kitapda XIII — XIV asyrlarda Kiçi Aziýa sebitlerinde ýaşan türkmen akyldary Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» eseri hem-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täjigözel Hojageldiýewanyň «Futuwwetnamaçylyk däbi we Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnamasy» atly monografiýasy ýerleşdirilipdir. Futuwwetnamaçylyk barada türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda edilen işler ýeterlik däldir. Alymyň bu ylmy işi orta asyrlar türkmen taryhyny, edebiýatyny we onda öňe sürülýän ynsanperwer ideýalaryň jemgyýetçilik ähmiýetini yzarlamaga, öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bu eser şol döwürde kämilleşen türkmen edebiýatynyň soňraky asyrlardaky ösüşiniň binýady bolup hyzmat edendigini aýdyň ýüze çykarýar. Elbetde, häzire çenli ady bize mälim bolmadyk türk

Kyrk bäş ýylyň dostlugy

Alym akyldar hakynda

Beýik Magtymguly çeper pikirlenmäniň şalygynda seýil edýän mahaly diňe bir sözüň, sözlemiň däl, eýsem, her bir durmuş, tebigat hadysasyny öz kesp-käriniň derdine ýaratmagyň nusgasyny görkezipdir. * * *

Göwün (Tymsal)

Bir ýola okuwçylaryň arasynda göwne degişmezlik, düşünişmek barada gürrüň çykýar. Bu meseläni aýdyňlaşdyryp bermegini soranlarynda, mugallym olara daş degende penjiräniň aýnasynyň näme üçin döwülýändigini düşündirmeklerini tabşyrýar. Okuwçylaryň biri: «Aýna daşyň agramyna çydaman döwülýär» diýip jogap berýär. Başga bir okuwçy: «Aýna örän ejiz» diýýär. «Daş gaty uly tizlik bilen zyňlypdyr» diýenem tapylýar. Bir okuwçy bu ýagdaýy daş zyňanyň mergenligi bilen düşündirjek bolýar. Ýöne mugallym olaryň hiç biriniň jogabyny tassyklajagam, inkär etjegem bolman, ýylgyryp oturypdyr. Ahyrsoňy okuwçylaryň jogaby tamamlanýar. Mugallym ýerinden turup, netijäni beýan edýär:

Magtymguly halk içinde

Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly ildeşlerimizden eşiden gürrüňimi halkymyza ýetiresim geldi. Mirasgär Mämmetgurban Geldigurbanow «Pederleriň söhbedi» atly kitabynda şeýle ýazypdyr: «2014-nji ýylyň başlarynda men öýdäki üç-dört sany ownuk malymy sürä goşmak üçin öňki gyzylbaýyrly Nurberdi Jepbarowyň ýanyna bardym. Ol şonda Magtymguly barada şeýle gürrüň berdi: «Biz oglandyk, 1950-nji ýyllaryň başlarydy. Agşamara Atak agalara üýşdük. Şonda onuň aýaly Täzegül eje: «Magtymguly şahyr Sumbaryň golaýyndaky uly obada ýaşapdyr. Iň soňky gezek Soňudagynyň geçelgesi Naýbadaýdan geçipdir. Abasary çeşmesinden üç owurt suw içibem, şol ýerde jan beripdir» diýdi.

Gezende şahyr SKOWORODA

Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda heýkelleri oturdylan daşary ýurtly görnükli şahsyýetler barada söhbet edýän sahypamyzda meşhur ukrain filosofy, şahyry Hrihoriý Sawwiç Skoworoda barada gürrüň bermegi makul bildik. Gezende filosof, şahyr, basnýaçy, pedagog Hrihoriý Skoworoda 1722-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Kiýew guberniýasynyň Çernuhi obasynda dünýä inýär. Onuň ömrüniň irki döwri barada takyk maglumat bolmasa-da, Çernuhidäki dört ýyllyk mekdebi okandygy, çagalygyndan ylym-bilime ymtylandygy, ýetginjek döwri Kiýewdäki Dini akademiýa okuwa gidendigi barada il içindäki hekaýatlardyr gürrüňlerde aýdylýar. Edebiýatçylaryň biri Skoworoda akademiýada grammatikany öwrenipdir diýen pikiri öňe sürse, ýene biri latyn dilinden we edebiýatyndan sapak alypdyr diýip hasaplaýar. Onuň bu ýerde grek, nemes, ýewreý dillerini öwrenendigi baradaky pikirler hem bar.

Hakydada galan hakykat

Hemişe çagalyk ýyllarymy ýatlasam, garry enem hem-de söýüp okan kitaplarym ýadyma düşýär. Okamaga höwesek bolmagyma hem bir wagtlar ýurduny täzelän enem pahyryň goşandy has uludy. Enem kitaba gümra bolsam begenerdi. Ejem ikisi el işini edýän wagtlary arasynda maňa kitap okadyp, diňlärdiler. Enem dessanlary gowy görerdi. Dessanyň şygyrly ýerine ýetenimde, käwagtlar gapdalymdan hüwdä meňzeş owaz bilen hiňlenip aýdardy. Men bolsa enemiň heniz okap ýetişmedik şygrymy boýdan-başa ýatdan bilşine haýran galyp, onuň hiňlenmesini maýyl bolup diňlärdim. Bir gezegem türkmen dilinden we edebiýatyndan sapak berýän mugallymymyzyň elinde heniz çaphananyň ysam gitmedik, gatlary açylmansoň, sahypalary entek biri-birine ýelmeşip duran Magtymguly Pyragynyň täzeje kitabyny göräýdim. Magtymgulynyň goşgularyny enemiň aýratyn gowy görýändigini bilýändigim üçin ony duýdansyz begendiresim geldi. Şonuň üçin mekdepden daşarda salam bermäge-de çekindirýän, ýüzi agyr mugallymymyzdan, hakyt, kitaby dilemäge batyrlyk edip bilenime öz-özüme haýran galdym. Geň galaýmaly, mugallym heniz özem okap ýetişmedik kitabyny höwes bilen maňa uzadyp durşuna:

Düýe maly — dünýe maly

Tüýs gözleýän adamyma ahyr duşaýdym. Onuň bütin keşbi, gylyk-häsiýeti, ýiti zehini, geçen zähmet ýoly hakynda oýlananyňda, nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň: «Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin» diýen meşhur setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Tutuş 55 ýyl biregne bir kesp-kärde — maldarçylykda zähmet çekmek, onda-da göreldeli, abraýly zähmet çekmek — bu Ýaradanyň ýalkap-hormatlan bendelerine nesip edýän bagt ahyry. 55 ýyl — ýarym asyrdan gowrak mütdet diýmek. Şonça wagtlap ümmülmez Garagumuň tomsunyň depäňi deşip barýan jokrama yssysyna, ýalynly epgegine, aňzakly gyşynyň şatlama sowugyna döz gelip, mal yzynda selpäp, olaryň saglygy barada aladalanyp gezmek, dogrusy, ýeňil-ýelpaý iş hem däl. Bu pişe diýseň erjelligi, tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy, şeýle hem mal-gara bolan çäksiz söýgini, olaryň «diline düşünmegi», üşükliligi talap edýär. Çarymyrat aga bu sähranyň mal-garasy bilen höwrügip gidipdir. Şoňa görä-de, sährada geçiren her bir pursady goja üçin dermandy. Sähradaky mal-gara bilen bir jan-bir tenligi sebäpli-de, onuň öýde oturmaga karary ýetmeýär. Ol heniz gögele oglan döwürlerinde okuwdan boş günleri ömrüni mal yzynda geçiren atasy Durdynyýaz aganyňdyr daýysy Gurbangeldiniň ýanynda bolup, mal bakyşar eken

Yhlas bilen bir kämile gol beren

Ezeli zehinli, Hakdan içen şahyr «Turgul!» diýdiler» atly şygrynda beýan edişi ýaly, düýşünde, gaýypdan, erenlerden pata alýar. Magtymgulynyň gaýybana pata alandygyny başga-da, «Ýar bizim sary», «Boldum girýana», «Birniçe mysal», «Oýan» diýdiler», «Tasa garşy», «Mährap haýsy bilmedim» ýaly birnäçe şygyrlarynda görýäris. Bu şygyrlar, käbir edebiýatçylaryň «durmuşylaşdyrjak» bolmagyna garamazdan, tutuşlygyna ylmy aňlatmalardan we pikirlerden durýar. Hawa, Magtymguly beýik akyldar şahyr derejesine çenli göterilip bildi. Munuň özüne ýetesi sebäbi bar. Magtymgulynyň Döwletmämmet Azady ýaly beýik halypasy, beýik mugallymy, beýik pederi bar. Onuň Magtymgulyny turuwbaşdan halkylyk ýoluna salandygyna şek-şübhe ýok. Biz Magtymguly Pyragynyň ussadynyň öz kakasy Döwletmämmet Azadydygyny şahyryň goşgularyndan bilýäris. Şahyryň «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýen setirleri Magtymguly Pyragynyň başlangyç bilimi kakasyndan alandygyny subut edýär. Şeýle hem «Oglum — Azadym» aýdyşygy ilkinji sapar Watandan uzaga gidýän Magtymgula Döwletmämmet Azadynyň ak pata bermesidir. Ol aşakdaky setirlerden hem görünýär.

Güýz

Ruhy Galkynyş: ylham joşguny Sary güýzüm,                altyn güýzüm,                               a:l güýzüm,Gözel güýzüm,               göwher güýzüm,                                 gül güýzüm,Beslenip mähirden,                        yşk-u-heserden,Gujak gerip,               gel ýanyma,                               gel, güýzüm!

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — umumadamzat mirasy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, ölmez-ýitmez edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä giňden äşgär etmekde uly işler amala aşyrylýar. Çünki şahyr hemişe halkyň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, ýokary ahlak nusgalaryny wagyz edipdir. Watany söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň däl, eýsem, beýleki halklaryň wekilleriniň kalbyna hem ornandyr. Her halkyň mertebesi, beýikligi, dünýä beren beýik ogul-gyzlary bilen ölçenýär. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan, atlary äleme belli Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary, Magtymguly ýaly taryhy şahsyýetler bilen bellidir.

Kalplarda orun alan akyldar

Türkmen edebiýatynyň taryhynda dürli döwürlerde görnükli şahyrlar ýaşap geçipdirler. Magtymguly Pyragy hem türkmeniň ykbalynda doglan parlak ýyldyz. Şonuň üçin üstünden näçe asyr geçse-de, onuň şygyrlarynyň gymmaty kemelenok. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Mähriban topragymyzyň hakyky watançysy we onuň joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragy ýüzlerçe ýyl mundan öň özüniň şygyrlarynda halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Watanymyzyň azatlygy we bitaraplygy barada arzuw edipdi» diýip belleýär. Beýik akyldaryň şygyrlary biziň üçin hemişe halallyk nusgasy bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyrymyz öz bagtyny il bagtyndan üzňe göz öňüne getirmändir. Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşyň ähli taraplary, ynsanyň ahlak sypatlary aýdyň, halka düşnükli dilde beýan edilýär. Adamkärçilik, ynsaplylyk, ynsanperwerlik biziň döwletimiziň baş şygarydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içerki we daşarky syýasaty-da, geljek bilen bagly ruhy ýörelgesi-de ynsanperwerlikden gözbaş alýar. Beýik şahyr türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysydyr. Halkyň durmuşyny halka sada dilde, çeper mazmunda beýan edip bilen şahyr adamlary parahatçylyk söýüjilige, zähmetsöýerlige çagyrýar. Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlar

Zynhary

Saçyp bolmaz Adam ekse her hyýaly, Magrypeti saçyp bolmaz.Daşsa nebsi, şeýtan päli,Asan ara açyp bolmaz.

Milletini beýgelden beýik söz ussady

Dünýäniň belli edebiýatçy alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň irbaýakdan bäri ykrar edişleri ýaly, döredijilik älemine diňe bir türkmen halkyny ýa-da diňe bir türki halklary däl, eýsem, tutuş ynsanyýeti maýyl eden, adamzadyň ynsanperwer dünýäsi üçin mahsus bolan keremli adalgalary çyrag edinen Magtymguly Pyragynyň eserleri beýik şahyry umumadamzat şahyryna öwürýär. Beýik söz ussadynyň goşgularynda wagyz edilýän, öňe sürülýän çuňňur pelsepewi pikirler, öwüt-ündewler ähli halklar, milletler, döwürler üçin sapak edinmeli, ýol-ýörelge edinilmeli mukaddesliklerdir. Aslynda, tutuş adamzat üçin, onuň asuda, parahat, bagtyýar, durmuşda ýaşamaklygy, özara dostana gatnaşyklary amal etmegi üçin hökmany suratda ýerine ýetirilmeli ýörelgeler bar. Biz bu ýörelgelere watançylygy, ynsanperwerligi, beýik adamkärçiligi, merdi-merdanalygy, ýokary ahlaklylygy, halallygy we şuňa meňzeş ençeme mukaddeslikleri goşup bileris. Akyldar şahyryň döredijiliginiň saldamyny düzýän, adamzady adamzada öwürýän, jemgyýete jebislik, millete merdanalyk, döwürlere döwran berýän mukaddes ýörelgeler öz gözbaşyny paýhasdar pederlerimiziň taraşlap-timarlap, asyrlardan aşyran, heňňamlaryň hikmetine öwren däp-dessurlarymyzdan alýar. Bu biziň türkmen hökmünde, millet hökmünde, halk hökmünd

Akyldar şahyrym şygyr okaýar

Köpetdag etegni görke getirip,Akyldar şahyrym şygyr okaýar.Arzuwlan döwrüniň waspyn ýetirip,Akyldar şahyrym şygyr okaýar. Buýsanyp halkynyň agzybirligne,Tireleň, taýpalaň maksat birligne,Berkarar döwletiň gurlanlygynaAkyldar şahyrym şygyr okaýar.

Söz manysy

Kakra Edebi dilimizde açyk howada Günüň astynda guramak manyda «kakamak» sözi ulanylýar. Gepleşikde munuň bir çekimsiziniň artdyrylyp aýdylyşyna — «kakramak» görnüşine gabat gelýäris. Ýagny «Güne kakradyp goýaýdyň-la», «Güne kakrap, bolup oturşyny», «Garaşyp-garaşyp, halys kakradym» kimin jümleler gepleşik dilimizde häli-şindi ulanylýar. Diýmek, kakramak — kölegesiz ýerde guramak. Elbetde, sesleriň artdyrylyp ýa-da düşürilip aýdylyşy, orun çalyşmasy dilimiziň fonetik aýratynlygyna mahsus häsiýetdir.

Seniň ýaşyňdakak...

(Hekaýa) Ýetmiş ýaşy arka atyp, segsene ser uranam bolsa, Nurberdi aga entek «kaddy dik, süýegi sagdyn» diýilýänlerdendi. Özem biziň göwnümizemi, ýa asly ýasalyşy şeýlemi, onuň ýüzi haçan göräý, gaharly ýa-da bir zatdan närazy ýalydy. Biz-ä entek ýetginjek, elli ýaşap barýan kakam we onuň hatardaşlaram onuň ýanynda özlerini birhili ýygra alyp barýan ýalydy. Şonuň üçin biz ony görsek, diňe: «Salawmaleýkim, Nurberdi aga!» diýmekden aňry geçmeýärdik. Olam başyny atyp, çalaja «Gurgunmysyňyz ýigitler?» diýmek bilen çäklenerdi. Onuň ýene-de bir täsin tarapy, haçan ýa-da kime duşaýsyn, başyny ýaýkap: «Haý, bolşuň gursun, biz seniň ýaşyňdakak...» diýip hüňürdär-de, ýoluny dowam edibererdi.

Tymsallar

Suw liliýasynyň döreýşi Irki zamanlarda bir beýik esger dünýäde özüniň başarnygyndan hem-de edermenliginden nyşan galdyrmak isläpdir. Ol örän güýçli we çalasyn ekeni. Onuň ýaýdan atan oky ýyldyrymdan çalt, adamyň gözýeterinden hem uzaga gidýän ekeni. Esger asmana ok atyp, özüniň çäksiz güýjünden nyşan hökmünde onuň ol ýerde baky galmagyny isläpdir.