Düýe maly — dünýe maly

12 Sentýabr 2024
29

Tüýs gözleýän adamyma ahyr duşaýdym. Onuň bütin keşbi, gylyk-häsiýeti, ýiti zehini, geçen zähmet ýoly hakynda oýlananyňda, nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň: «Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin» diýen meşhur setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Tutuş 55 ýyl biregne bir kesp-kärde — maldarçylykda zähmet çekmek, onda-da göreldeli, abraýly zähmet çekmek — bu Ýaradanyň ýalkap-hormatlan bendelerine nesip edýän bagt ahyry. 55 ýyl — ýarym asyrdan gowrak mütdet diýmek. Şonça wagtlap ümmülmez Garagumuň tomsunyň depäňi deşip barýan jokrama yssysyna, ýalynly epgegine, aňzakly gyşynyň şatlama sowugyna döz gelip, mal yzynda selpäp, olaryň saglygy barada aladalanyp gezmek, dogrusy, ýeňil-ýelpaý iş hem däl. Bu pişe diýseň erjelligi, tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy, şeýle hem mal-gara bolan çäksiz söýgini, olaryň «diline düşünmegi», üşükliligi talap edýär.

Çarymyrat aga bu sähranyň mal-garasy bilen höwrügip gidipdir. Şoňa görä-de, sährada geçiren her bir pursady goja üçin dermandy. Sähradaky mal-gara bilen bir jan-bir tenligi sebäpli-de, onuň öýde oturmaga karary ýetmeýär. Ol heniz gögele oglan döwürlerinde okuwdan boş günleri ömrüni mal yzynda geçiren atasy Durdynyýaz aganyňdyr daýysy Gurbangeldiniň ýanynda bolup, mal bakyşar eken. Olaryň mal bakyşyna, syrkaw-sökel mallara em-melhem edip sagaldyşlaryna içgin syn edip, bu käre imrinipdir. Ruhy pederimiz Magtymguly Pyragynyň: «Yhlas bilen bir kämile gol beren,//Ýeter maksadyna, ýetmeýen galmaz» diýen pendine uýan Çarymyrat Esenow, suwsan goýun ýaly, ylma topuldy, horanlyk bilen kitaplaryň üstünde şöwür çekdi. Ol 1959-njy ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini weterinariýa hünäri boýunça ýokary bahalar bilen üstünlikli tamamlaýar. Nazaryýetde alan bilimini önümçilikde iş ýüzünde özleşdirip, ýiti zehini bilen zähmet çekýän hojalyklarynda uly üstünlikleri gazanýar. Çeken halal zähmeti nazarda tutulyp, Çarymyrat aga döwletimiz tarapyndan ençeme sylaglara mynasyp boldy. Şeýlekin şan-şöhratly sahypalar bu gojanyň ykbalynda misilsiz köp. Ýöne ol olar hakda gürlemegi halamaz. «Il aýtsa aýdybersin, ýöne men aýtsam, magtanýandyr öýderler» diýip, gapyrga edýär. Ol tejribeli, dilewar, şadyýan, uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşip bilýän aslyhalal, azaphon adam. Onuň bilen gürrüňdeş bolsaň, gyzykly gürrüňlerini diňledigiňçe diňläsiň gelýär.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar