"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

«Özüň­den so­ňam özü­ňi gal­dyr­ma­ly...»

Akmyrat ŞIROW  Gadyrly okyjylar! Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň türkmen hem-de dünýä edebiýatynda uly yz galdyran, eserleriniň agramly bölegini rus dilinde döreden ýazyjy Akmyrat Şirowyň ýandepderçesindäki ýazgylaryndan eden terjimeleriniň birnäçe pursatlaryny «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň üsti bilen size hödürlemegi maksat edindik. Bu ýazgylar toplumy zehinli türkmen ýazyjysy A. Şirowyň durmuş hem döredijilik dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döreder diýip umyt edýäris.

Gissar jülgesiniň dürdäne edebiýaty

Bir wagtlar bu ýerler dünýäde özüniň tapylgysyz lagly-merjenleri bilen tanalypdyr. Häzirki döwürde tutuş Gissar jülgesi ajaýyp edebiýaty bilen hem dünýäde meşhurdyr. Täjik edebiýatynyň ilkinji ýazuw çeşmeleri gadymy halk döredijilik eserlerini şöhlelendirip, Merkezi Aziýanyň, Eýranyň we Owganystanyň ýazuw ýadygärliklerinde öz beýanyny tapýar. Halk döredijiligi, aýratynam, onuň ertekiler şahasy täjik nusgawy edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Tä­ze do­gan Aý (He­ka­ýa)

Abdulhamid SAMADOW,täjik ýazyjysy Ýeke ogul bolansoň läliksiredilýär, ene-atasy tarapyndan tüýs ýürekden söýülýär. Ejesi, güle seredýän ýaly, ony yhlas bilen ösdürýär, kakasy oglunyň edil leýlisaçyň ýapraklary ýaly saçynyň her taryny aýaýar, onuň ýüzüne siňegiň gonmagyna hem ýol bermeýär. Ýok, elbetde, oglanyň özünden uly gyz dogany hem bar. Ol diýseň görmegeý, uzyn saçly, gara gözli, gara gaşly, mydama öý işleri bilen hysyrdanyp ýörendir, öýde ejesine kömek edýär. Hortap hem-de gaty garran enesi bolsa, oglanyň we onuň gyz doganynyň bir gülüň iki baldagydygyny, ene-atanyň öýüni bezeýän goşa bilbildigini ýygy-ýygydan gaýtalaýardy: ogul geljekde kakasynyň hem-de ejesiniň arkadaýanjy, gyz bolsa ejesiniň hemaýatkäri bolar. Şol pursatlarda şatlanmakdan ýaňa oglanyň gözleri ýalpyldap, şöhle saçýar, ýüregi buýsançdan pürepür bolýar. Oňa derek gyz doganynyň ýüzi weli has agraslanýar, nazary bolsa uzaklara bir ýerlere gönügip, gorkuly alakjaýar, ol bildirmezden tukatlanýar. Bu bolsa oglana ýaramaýar.

Bir goşgynyň iki terjimesi

Käteler ylham bilen paýhasyň dil tapyşyp bilmeýän pursatlary bolýar. Bu döredijiligiň ähli görnüşlerine mahsus ýagdaý. Pikirleriň yzygiderliligi, manylaryň çuňlugy, sözleriň täsirliligi eseriň ähmiýetini artdyrýar. Ýazyjy ýa-da terjimeçi üçin söz we many külalyň elindäki laý ýa-da nanbaýyň öňündäki hamyr ýalydyr, oňa näçe yhlas siňdirilse, şonça-da ýugrumyny ýetirip, oňa ajaýyp öwüşgin çaýyp bolýar. «Ýugrumy ýetirilen hamyrlaryň çöregi datly bolýar» diýen düşünje hem bar. Terjime sungatynda hem hut şeýle diýip bolar. Türkmençe aňlatmak ýa-da ýaňzytmak isleýän manylaryň jaýdar terjimesi gabat gelýänçä, şol sözleri hepdeläp ýa aýlap däl, eýsem, ýyllap hem gursagyňda götermeli bolýar. «Sadaplar asmandan inýän ýagyş damjalarynyň iň durusyny gursagynda saklap, ony ajaýyp düre öwürýärler» diýip okapdym.

Ba­ron Mýun­hau­ze­niň baş­dan ge­çi­ren­le­ri (Po­west)

Erik RASPE,nemes ýazyjysy Üçekdäki at

Haý­wan­la­ry­myň kys­sa­sy (Ýat­la­ma-oçerk­ler)

Aleksandr DÝUMA,fransuz ýazyjysy I

Ga­ýyp - adam (Hy­ýa­ly ro­man)

Gerbert UELLS,iňlis ýazyjysy XII bap

Aw­raam Lin­koln (Ro­man)

Dmitriý OLEÝNIKOW,rus ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Atom en­dik­ler

Jeýms KLIR,amerikan ýazyjysy Giriş

Aýgytly kararlar — durmuşymyzy özgerdýän güýç

Durmuşda aljyradýan pursatlar az däl. Aýny wagtynda hem-de ýerinde aýgytly hereket etmek babatda ýeterlik düşünje edindik diýsegem, başyna baryp bilmeýän ýerlerimiz ýa-da bärden gaýdýan ýagdaýlarymyz bar. Şeýle pursatlarda okan, eşiden, gören zatlarymyzdan ýadymyza düşýänlerine bil baglamaly bolýarys. «Ýadymyza düşýänleri» diýýänimiň sebäbi, näme üçindir akylly-başly pikirleriň, jaýdar jogaplaryň köpüsi pursat elden gidensoň ýa-da wagty ötensoň has köp ýadymyza düşýän ýaly, «şol wagt şeýtmeli ekenim», «şeýle diýen bolsam, boljagam ekeni» diýip, ýarym ahmyrly oýlanmalara gark bolýarys. Ýöne ahmyrlar we armanlar durmuşymyzdan hiç zady üýtgedip bilmeýär. Şonuň üçin ýene-de ynsany garysyna galdyrjak göwün göteriji jümlelere ýüzlenmeli bolýarys. Şeýle günleriň birinde elime düşen bir eser duýgy-düşünjelerimiň düýpli özgermegine sebäp boldy. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap edilen Entoni Robbinsiň «Özüňdäki ägirtligi oýar!» atly eseri, hut meniň üçin ýazylan ýalydy. Eseri ilki birlaý okap çykdym. Soňra ýene-de gaýtadan okadym. Muňa-da kanagat etmän, içindäki has maňza batýan sözleri depderime belläp aldym. Häli-häzirlerem şol belliklerime gaýtadan göz aýlap, maksada okgunlylygymy, yhlaslylygymy «çarhlap» durýaryn. Entoni Robbinsi

Wik­tor Was­ne­sow

(1848 — 1926) Belli rus suratkeşi Wiktor Wasnesow folklor we taryhy nakgaşçylygyň ussady hasaplanýar. Onuň döredijiligi rus şekillendiriş sungatynyň ösüşinde wajyp orny eýeleýär.

Ylham ýaýlasy

Meniň şeýle Watanym bar! Meniň şeýle Watanym bar,Onda düzler bossan bolýar.Meniň şeýle Watanym bar,Onda sözler dessan bolýar.

Şygryýet şalygynyň soltany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda günsaýyn ösýär, täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň belent boýly heýkeliniň dikilmegi şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň ussat şahyry, milli guwanjy, halkymyzyň buýsanjy beýik akyldar Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň akyldarydyr.

Köňül aýdymy

Tomus paslyny ýürekden söýýän,Aýdym aýdaly! — tomusa diýýän.Guşlaň ählisin tomus çagyrýar,Jürküldisinden bagymyz dolýar.Sözleri goşsam jürküldisine,Ajaýyp aýdym dörär dessine. Gün bilen men

Ömrüň manysyny açýan eser

Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän «Ömrümiň manysy» atly eseri çuňňur filosofik many-mazmunly, taryhy, ruhy, medeni we geografik ensiklopediýadyr, ýol-ýörelge kitabydyr. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ata Watanymyzyň taryhy, ony öz beýik işleri bilen şöhratlandyran şahsyýetler, halkymyzyň medeniýeti, jemgyýetiň ruhy-ahlak, ynanç-ygtykat hem durmuş ýörelgeleri barada söhbet edilýär, möhüm meseleler gozgalýar. Şol bir wagtda bu eser asyrlaryň dowamynda ençeme gymmatlyklary döreden halkymyzyň baý milli mirasy bilen içgin tanyşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda halkymyzyň taryhy inçeden yzarlanylýar, geçmişiň, şu günüň, geljegiň baglanyşygy ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Eseri okaýarkaň, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň biziň bilşimizden has baýdygyna, giňdigine, çuňňurdygyna we dowamat-dowamdygyna göz ýetirýärsiň. Kitapda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan däp-dessurlar, urp-adatlar, kadalar, mukaddes ýörelgeler jikme-jik beýan edilýär. Adam özüniň bütin ýaşaýşyny ömrüniň manysyny gözlemek bilen geçirýär. Haýyrly işleri, ýagşy göreldesi bilen kär-hünär saýlap, nesil ýeti

Wa­tan ojak­dan baş­lan­ýar

Wa­tan top­ra­gy­nyň ke­ra­ma­ty ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mäh­ri si­ňen bu üm­mül­mez säh­ra­my­zyň dur­ku­na or­nap­dyr. Ro­wa­ýat­la­ryň bi­rin­de şeý­le di­ýil­ýär. Öňem bir ýur­duň adyl hem-de pä­him­li pa­ty­şa­sy bo­lup­dyr. Ol he­mi­şe adam­la­ry sy­na­ýan eke­ni. Bir ge­ze­gem ol il için­de şeý­le jar çek­di­rip, köş­ge oba­nyň iň eder­men ýi­git­le­ri­ni ýyg­nap­dyr. Pa­ty­şa nö­ker bo­lar ýa­ly pä­him­dar, eden­li, ugur­ta­py­jy ýi­git­le­ri saý­lap al­mak­çy­dy­gy­ny aý­dyp­dyr. Il­kin­ji sy­nag­da ba­tyr­ly­gy­ňy gör­kez­me­li, ikin­ji sy­nag­da hem oku­myş­ly­gy­ňy. Üçün­ji sy­na­ga ge­zek ga­lan­da, ola­ryň di­ňe on sa­ny­sy ga­lyp­dyr. Üçün­ji sy­na­gyň şert­le­ri hiç ki­me mä­lim bol­man­dyr, ony pa­ty­şa­nyň özi kes­git­le­ýän eke­ni. Ol es­li sa­lym pi­kir­le­nip otu­ryp­dyr. — Köş­ge iň gym­mat­ly za­dy­ňy­zy ge­ti­riň! Şo­ňa gö­rä hem si­ziň haý­sy­ňy­zyň has we­pa­dar­ly­gy­ňyz bel­li bo­lar — di­ýip­dir.

Duýguly dünýä

DOST BOLUP BILMEN... «Gel, ikimiz dost bolaly!» diýýärsiň,Hem çalýarsyň pagta bilen damagmy.Gursagymda gopýan harasatlardanŞunça wagt dälmidiň, gyz, habarly?!

Şygryýet bossany

ŞU GÜN Käwagt dostlugam gerekdir welin,Ýürekdeşlik hemme zatdan ýakyn-la.Şu gün aladaňy itip bir ýana,Ýürekdeşim, gel-de, maňa ýakynlaş!

Şygryýet çemeni

EJE Küýsäp dur her gün didelem,Ýollaryma nursuň, eje!Mahmala döner gijelem,Bir düýşüme girseň, eje!

Ylham joşguny

ÝANYMDA GAL Gözlemezim ýaly başga künjegi, Meň ýanymda hemişelik gal, dünýäm.Belli däl meň ýeňiljegim, ýeňjegim,Şonuň üçin meň ýanymda gal, dünýäm.