Akmyrat ŞIROW
Gadyrly okyjylar!
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň türkmen hem-de dünýä edebiýatynda uly yz galdyran, eserleriniň agramly bölegini rus dilinde döreden ýazyjy Akmyrat Şirowyň ýandepderçesindäki ýazgylaryndan eden terjimeleriniň birnäçe pursatlaryny «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň üsti bilen size hödürlemegi maksat edindik. Bu ýazgylar toplumy zehinli türkmen ýazyjysy A. Şirowyň durmuş hem döredijilik dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döreder diýip umyt edýäris.