"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen ýygyndysyny ugratmak dabarasy geçirildi

Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenlerimiziň gatnaşýandygy diýseň buýsandyryjydyr. Şu gün — 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerini bu halkara ýaryşyna ugradyş dabarasy geçirildi. Dabarada hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda: «Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip bellenilýär.

Pariž olimpiadasyna gatnaşýan türkmen ýygyndysyny ugratmak dabarasy geçirildi

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda türkmen türgenlerini Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna ugradan Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Dabara aýdym-sazly uly şowhun bilen dowam etdi.

Türkmen türgenlerine üstünlik arzuw edildi

Şu gün — 22-nji iýulda Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirjek 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž  şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugradyş dabarasy boldy.  

Ýa­şa­jyk fut­bol­çy­la­ry­ň üs­tün­li­gi

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Ýa­şa­jyk türk­men fut­bol­çy­la­ry Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «AFL Kids Cup — 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ryş­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, iki al­tyn, bir bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar.

Türk­me­nis­tan­ly sü­rü­ji­ler hor­mat mün­be­ri­ne çykdylar

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 5 — 15-nji iýul ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len «Ýü­pek ýo­ly — 2024» ral­li-reý­di­ne mil­li tür­gen­le­ri­miz hem gat­naş­dy­lar. 14-nji ge­zek ge­çi­ri­len «Ýü­pek ýo­ly» hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da baş­la­nyp, Mon­go­li­ýa­nyň Ulan-Ba­tor şä­he­rin­de ta­mam­lan­dy. 13 döw­let­den 100-e go­laý to­pa­ryň gat­naş­ma­gyn­da 11 gün­läp do­wam eden ýa­ryş­da oňa gat­na­şy­jy­lar Al­taý dag­la­ry­nyň we Go­bi çö­lü­niň çar­kan­dak­ly ýol­la­ryn­dan geç­di­ler.

Türk­men hü­när­me­ni Pa­riž Olim­pia­da­syn­da emin­lik eder

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­li emin, Türk­me­nis­ta­nyň Agyr at­le­ti­ka mil­li fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş kä­ti­bi Ça­ry­gel­di Mäm­me­do­wyň ady köp­le­re ta­nyş­dyr. Ol ýur­du­my­zyň çem­pio­nat­la­ryn­da, şeý­le-de, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de emin­lik et­di. Ýa­dy­ňyz­da bol­sa, ol To­kio Olim­pia­da­syn­da emin­lik edip, bi­ler­men­le­riň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­nasyp bol­dy. Bu gün­ki gün bol­sa Ça­ry­gel­di Mäm­me­dow Pa­riž­de gu­ral­jak oýun­la­ra gat­naş­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. Biz mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ug­ra­dy­lyş da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da Ça­ry­gel­di Mäm­me­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk.

Tür­gen­le­ri­mi­ziň ýü­rek buý­sanç­la­ry

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, döw­le­ti­mi­ziň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň bar­ha ro­waç­lan­ýan hä­zir­ki döw­rün­de mil­li tür­gen­le­ri­miz iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýe­ňiş­li orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Yn­ha, şu şan­ly gün­le­ri­miz­de hem mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­mak üçin ak pa­ta bi­len ýo­la düş­ýär­ler.

Bedenterbiýe we sport

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024

Adamzat paýhasynyň ägirdi

«Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arşa göterilendigini belläp geçmek ýakymlydyr.

Ýeňişli ýol dowam edýär

Geçen ýylyň güýz aýy. Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionyna ýygnanan futbol janköýerleridir metbugat wekilleri dowam edýän duşuşygyň tamamlanaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Garaşmazça-da däldi. Çünki duşuşygyň emini Resul Mämmedowyň oýnuň gutarýandygyny aňlatjak jürlewügi taryhy netijäni hasaba almalydy. Şol güneşli gün «Arkadag» topary garşydaşy «Altyn Asyr» toparyny ýeňen ýagdaýynda gysga taryhynda ilkinji çempionlygyny gazanmalydy. Soňlugynda bu şeýle-de boldy... Döredilen ilkinji ýylynda taryhy netije gazanan Arkadag şäheriniň adybir toparynyň taryhy ýeňşiniň dowamly boljakdygy şol pursatlarda hem mälimdi. Ine, indi bolsa täze netijeler, täze belentlik. Ikinji ýylynda hem ýeňlişsiz ýoly dowam edýän «Arkadag» topary futbol çempionatymyzyň iki aýlawynyň netijesinde geçiren 16 oýnunda 48 utuk toplap, bassyr ikinji çempionlygyna barýar. Toparyň binýadynda şu ýyl döredilen «Arkadag II» toparynyň ýaşlar ligamyzdaky üstünligi bolsa geljekki ýeňişleriň dowamat-dowam boljakdygyny görkezýär.

Nobatdaky üstünlik

Golaýda uşu boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, toparlaýyn görnüşde ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýeri gelende bellesek şu ýyl ýurdumyzda Milli uşu federasiýasynyň döredilmegine 30 ýyl dolýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda 2 müňden gowrak türgen sportuň bu görnüşi boýunça meşgullanýarlar. Başa-baş söweş sungatynyň bu ugry boýunça milli mekdebimiziň türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýärler. Geçen ýyl ABŞ-da geçirilen uşu boýunça dünýä çempionatynda hem türkmen uşuçylarynyň şowly çykyşlary bellärliklidir. Nobatdaky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri birnäçe agram derejelerinde çykyş edip, ýurdumyzyň medal gaznasynyň sanyny artdyrmagy başardylar. Olardan paýtagtymyzdaky 51-nji orta mekdebiň okuwçysy Sanjar Artykow

«Ýüpek ýoly ‒ 2024» halkara rallisinde türkmen toparlarynyň üstünlikleri

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşynda türkmen toparlarynyň ıkısı baýrakly orunlara mynasyp boldular. 13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda 11 günläp geçirilen ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometr menzili külterläp, Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde pellehana ýetdiler. Badalgasy Russiýada berlen halkara awtoralli ýaryşynyň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çylşyrymly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek.

Sporta hem sagdyn durmuşa sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde häzirki wagtda belent sepgitlere ýetilýär. Ähli etrap-şäherlerde döwrebap saglygy goraýyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biriniň raýatlaryň saglygyny goramak, sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty rowaçlandyrmak bolup durýandygyna aýdyň güwä geçýär.

Halkara ýaryşyndaky üstünlik

Ýetginjek futbolçylardan düzülen toparlarymyzyň üçüsi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «AFL Kids Cup – 2024» halkara ýaryşda şowly çykyş etdiler. 2012-nji ýylda doglan futbolçylaryň arasyndaky bäsleşik toparlaryň 6-synyň gatnaşmagynda bir aýlawda geçirildi. Netijede Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň «Batly» topary (tälimçisi Gahrymanberdi Çoňkaýew) baş baýraga mynasyp boldy. Bu toparyň ezber oýunçysy Kemal Geldiýew ýaryşyň «Iň ökde oýunçysy» diýlip yglan edildi. Bu ýaş derejesinde geçirilen bäsleşikde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Odil Žunior» (Özbegistan) hem-de «Roýal» (Gazagystan) toparlary eýelediler.

Kämillik ýolundaky hemramyz

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek ugrundaky ýadawsyz tagallalaryndan ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem dürli sport bäsleşiklerine, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşýar. Gullugyň edara binasynyň çäginde döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik otaglarynyň bolmagy harby gullukçylaryň işden boş wagtlary sport bilen meşgullanmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir bedeni berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, harby gullukçylaryň alyp barýan işlerini has-da uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda netijeli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly umumymilli sport ýaryşlarynda «Migrasiýa» woleýbol we futzal sport toparlary birnäçe ýyl bäri öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Harby gullukçylarymyz sportuň basketbol, boks, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka we beýleki görnüşleri bilen hem yzygiderli meşgullanýar.

Sport

Gyzgalaňly geçdi Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebinde sportuň dzýu-do görnüşi boýunça Mary welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ulularyň arasynda geçirilen ýaryşa etrap, şäher sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar.

«Napoli » 3 goragçyny düzümine goşdy

Italiýanyň «Napoli » topary Alessandro Buonjornony, Leonardo Spinazzolany hem-de Rafa Marini transfer etdi. Ýurduň başga bir kluby «Torinodan » transfer edilen merkezi goragçysy Alessandro Buonjorno üçin neapollylaryň kassasyndan 35+5 million ýewro çykar. «Napoli » topary 25 ýaşyndaky italýan goragçysy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Torinoda » 109 oýun geçiren Buonjorno «Karpi » hem-de «Trapani » klublarynda- da kärendesine çykyş etdi. Buonjornony transfer etmek isleýän klub 70 million ýewro tölemeli bolar. «Napoli » topary «Roma » bilen şertnamasy tamamlanan çep gyraky goragçy Leonardo Spinazzolany tölegsiz transfer etdi. «Napoli » topary 31 ýaşyndaky italýan oýunçy bilen 2 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Spinazzola karýerasyna «Ýuwentusda » başlap, «Empoli », «Siena », «Atalanta », «Wiçenza », «Peruja » ýaly klublarda- da oýnady. Tomsuň başynda Antonio Konteni tälimçilige bellän «Napoli » topary «Real Madridiň » merkezi goragçysy Rafa Marini hem 12 million ýewro transfer etdi. Geçen möwsümi «Alawesde » kärendesine geçiren 22 ýaşyndaky Marin italýan topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Angliýada Sautgeýtiň döwri tamamlandy

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda Ispaniýadan utulan Angliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Garet Sautgeýt wezipesini taşlady. Ol 8 ýyldan bäri topara tälim berip gelýärdi. Angliýanyň ýygyndysy onuň ýolbaşçylygynda Ýewropa çempionatynda 2 gezek finala çykdy. Ýöne 2-sinde hem ýeňlişe sezewar boldy. EURO 2020-de Londonda penaltileriň netijesinde Italiýadan asgyn gelen iňlisler EURO 2024-iň finalynda Berlinde Ispaniýadan 2–1 hasabynda ýeňildi. Angliýanyň ýygyndysy Sautgeýtiň tälimçiliginde Dünýä Kubogynda – 2018-nji ýylda ýarym finala, 2022-nji ýylda çärýek finala çykdy. Sautgeýt Angliýanyň ýygyndysyna 102 duşuşykda tälimçilik edip, ol 64 oýunda ýeňiş gazandy. 18 oýunda- da utulyp, 20 duşuşykda deňme- deň netije görkezdi. Ol Angliýanyň ýygyndysynda 100-den gowrak oýunda tälimçi bolan 3-nji şahsyýetdir. Garet Sautgeýtiň ornuna Anž Postekoglu, Grem Potter, Mauriso Poçettino, Eddi How, Tomas Tuhel, hatda Ýurgen Klopp ýaly belli tälimçileriň atlary agzalýar.

Çempionlar Ligasynda 2-nji saýlama tapgyra çykan toparlar belli boldy

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Rumyniýanyň FKSB (ozalky «Stýaua») topary San Marinonyň «Wirtus » toparyny öz meýdançasynda uly hasap bilen ýeňdi. Buharestde garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizen rumynlar 1-nji oýunda 7–1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Bolgariýanyň çempiony «Ludogores Razgrad » topary gruzinleriň «Dinamo Batumi » toparyny ýaryşdan çykardy. Öz meýdançasynda 3–1 hasabynda ýeňiş gazanan razgradlylar myhmançylykda 1–0 hasabynda asgyn gelse- de, ýaryşy dowam etdirerler. Taryhlarynda ilkinji gezek milli çempionatyň çempionlygyny gazanan 2 toparyň duşuşygynda Moldowanyň «Petrokub Hynçeşti » topary Gazagystanyň «Ordabasy » toparyndan 2 oýnuň netijesi boýunça artykmaçlyk gazandy. Myhmançylykda golsuz deňme- deň oýnan moldowanlar Kişinewde Lungunyň ýeke- täk goly esasynda ýeňşini baýram etdi. 2-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary 23–24-nji iýulda, jogap oýunlary- da 30–31-nji iýulda oýnalar. 1-nji saýlama tapgyryň netijeleri: «Struga » (D. Makedoniýa) — «Slowan Bratislawa » (Slowakiýa): 1–2, 2–4; «Deçiç » (Garadag) — «Nýu Seýnts» (Uels): 1–1, 0–3; «Egnatiýa » (Albaniýa) — «Boras Banýa Luka » (Bosniýa): 2–1 (g.w.) 1–4 p, 0–1; «Linkoln Red Imps» (Gibraltar) — «Hamran Spartans » (M

«M. Ýunaýted » ýaş hüjümçini transfer etdi

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted » topary geçen möwsümde «Serie A»-ny 5-nji orunda tamamlan «Bolonýanyň » ýaş hüjümçisi Joşua Zirkzeni transfer etdi. Iňlis kluby niderland oýunçynyň transfer tölegi hökmünde italýan klubuna 42,5 million ýewro berer. Mankunianlar 21 ýaşyndaky hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Bolonýa » topary professional karýerasyna «Bawariýada » başlan Zirkzeniň transferinden gazanylan puluň 50 göterimini münhenlilere berer. Zirkze «Bolonýanyň » düzüminde «Serie A»- da 53 oýunda 13 gol geçirdi. Italiýanyň çempionaty «Serie A»-da 21 ýyldan soň çykyş etjek «Komo » topary ispaniýaly meşhur derwezeçi Hoze Pepe Reinany transfer etdi. Geçen möwsümi «Wilýarrealda » geçiren 41 ýaşyndaky Reina italýan kluby bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Reina mundan öň «Serie A»- da «Napoli », «Milan » hem-de «Lasio » klublarynyň hem köýnekçesini geýipdi. «Komo » topary Reinadan ozal, «Romadan » Andrea Bellottini hem transfer edipdi. Portugaliýanyň «Benfika » topary Niderlandlaryň «AZ Alkmaar » toparynyň gresiýaly hüjümçisi Wangelis Pawlidisi düzümine goşdy. Portugal kluby 25 ýaşyndaky hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Pawlidisiň transferi üçin lissabonlylar AZ toparyna 18+2 million ýewro tölär. Pawlidis geçen möwsümde 46 oýunda 3