Sporta hem sagdyn durmuşa sarpa

19 Iýul 2024
171

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde häzirki wagtda belent sepgitlere ýetilýär.

Ähli etrap-şäherlerde döwrebap saglygy goraýyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biriniň raýatlaryň saglygyny goramak, sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty rowaçlandyrmak bolup durýandygyna aýdyň güwä geçýär.

Ruslan ÖWLÝAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň uly gözegçisi, maýor.
Beýleki habarlar