"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 24-nji "A" jaýy
Telefon belgileri: (+99312) 92-18-57, 92-18-57, 92-18-41
Faks: 92-18-54

Makalalar

Halkara sport baýramçylygy dowam edýär

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 26-njy iýulda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Sport janköýerleriniň uly gyzyklanma we sabyrsyzlyk bilen garaşan ýokary derejeli iri halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Baýdagynyň belentde parlamagy biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylýan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň sport ulgamynda ösüşdir özgerişler, şanly wakalar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen türgenleri sebit we halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň belende galmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Sport.

Sport — sagdynlyk we gözellik Şeýle at bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrapdaky 1-nji sport mekdebiniň bilelikde guramagynda ady agzalan sport mekdebinde sport çäresi geçirildi. Sport çäresine TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 1-nji, 2-nji, sport mekdepleriniň tälimçileri, türgenleri gatnaşdylar.

Sungat. Ylham. Sport

Kaşaň köşgi-eýwanlaryňdyr ýaşaýyş jaý toplumlarynyň häziriki zaman binalar bilen ajaýyp sazlaşygy, uly şäheri ikä bölýän giň derýa, demir böleklerinden bina edilen hem-de uzaklardan seleňläp görünýän täsin diň. Gözel keşbi we taryhy ýadygärlikleri bilen jahankeşdeleriň söýgüli mekanyna öwrülen Pariž şäheri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde bu gün ýene-de dünýäniň üns merkezinde. Medeni galkynyşyň mekany

Sport — parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar Mälim bolşy ýaly, 26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen, her dört ýyldan bir gezek geçirilýän iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Munuň özi sportuň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisidigini görkezýär.

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny täze, belent derejelere götermegi arzuw etdi.

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Olimpiýa oýunlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk topary döredildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs ýüre

Türgenlerimiz Pariž Olimpiadasynda çykyşlaryna başladylar

Türkmen türgenleri Parižde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyşlaryna başladylar. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen bar. 28-nji iýulda 66 kilogram agramda türkmen dzýudoçysy Serdar Rahimow Afrikanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, angolaly Edmilson Pedro bilen duşuşdy. Serdaryň duşuşygyň başynda utuk gazanan bäsdeşi soňlugy bilen ýeňişli hasaby saklamak üçin işjeňlik görkezmedi. Munuň tersine, türkmen pälwany ýeňşe bolan hyjuwy bilen garşydaşynyň hötdesinden gelmegi başardy. Edmilson Pedro işjeňlik görkezmändigi üçin üç gezek duýduryş alyp, ýaryşdan çykmaly boldy.

Olim­pia­da­lar döw­rün­de gy­zyk­ly wa­ka­lar

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly biz oky­jy­la­ry­my­zy öň­ki ýyl­lar­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry wag­tyn­da bo­lup ge­çen gy­zyk­ly wa­ka­lar bi­len ta­nyş et­me­gi ma­kul bil­dik.

Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da we da­şa­ry sy­ýa­sat­da sport ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe we sport jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän gym­mat­lyk hök­mün­de or­ta çyk­ýar. «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» diý­ýän hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek, di­ňe bir içe­ri sy­ýa­sa­tyň mö­hüm bö­le­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem onuň ma­ny-maz­mun ba­bat­da do­wa­my bo­lan da­şa­ry sy­ýa­sat­da, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da hem dün­ýä­de we se­bit­de asu­da­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy, je­bis­li­gi go­rap sak­la­mak, dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny no­bat­da­ky tap­gyr­lar­da ös­dür­mek ba­bat­da mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gu­ral hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ha­kyn­da

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024.

Üs­tün­lik ar­zuw ed­ýä­ris

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, ta­lyp ýaş­la­ryň to­mus dynç al­şy­na çyk­ma­gy bi­len, mu­gal­lym­la­ryň dur­mu­şyn­da tä­ze okuw ýy­ly üçin zäh­met rug­sa­dy we okuw-usu­ly taý­ýar­lyk ara­kes­me­si döw­ri baş­lan­ýar. Şeý­le pur­sat­lar­da Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy äh­mi­ýet­li çä­re­le­re, me­de­ni-sport baş­lan­gyç­ly iri toý­la­ra, sport baý­ram­çy­lyk­la­ry­na has iç­gin to­ma­şa edip, göz­ýe­ti­mi­ňi gi­ňelt­mä­ge aja­ýyp şert­ler dö­re­ýär.

Olimpiada täzelikleri

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 TÜRK­MEN OLIM­PI­ÝA­ÇY­LA­RY­NY GAR­ŞY­LA­MAK DA­BA­RA­SY

Sport — sag­dyn­ly­gyň gi­re­wi

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Berkarar döwletimizde ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry bi­len bir­lik­de spor­ty hem­ra edi­nip, Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň gal­kyn­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­mak­la­ry bag­ty­ýar­lyk­dan ny­şan­dyr. Şeý­le hem bu ugur­da ýaş­lar üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler ola­ryň us­sat we kä­mil ba­şar­nyk­ly tür­gen­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne giň şert­le­ri dö­red­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň öň­le­rin­de go­ýan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­rin­den ugur alyp, şeý­le hem ýaş­la­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek, sag­dyn ne­sil­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ni ga­zan­mak we ola­ryň ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýa­ş­la­ryň ara­syn­da dost­luk-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, biz hem dür­li maz­mun­ly sport çä­re­le­ri­niň, ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýa­rys. Go­laý­da Dä­new et­ra­byn­da­ky 2-nji sport mek­de­bin­de spor­tuň kikbok­sing gör­nü­şi bo­ýun­ça gu­ra­lan ýa­ryş­lar hem to­mus dynç al­şy­ny şa­dy­ýan­lyk­da ge­çir­ý

Sport ýur­dun­dan sport baý­ra­my­na

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Olim­pia­da­la­ryň çem­pi­on­la­ry he­mi­şe hä­zir­ki za­man­da ýa­şa­ýar­lar. 100 ýyl mun­dan ozal ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de hem onuň ady ge­çen za­man­da ula­nyl­ma­ýar. Ola­ryň at­la­ry­nyň öňü­ne «ozal­ky» di­ýen söz go­şul­man, «Olim­pi­ýa çem­pio­ny» di­ýip aý­dyl­ýar. El­my­da­ma hä­zir­ki za­man­da ýa­şa­mak diý­mek ba­ky­ly­ga gol bu­la­mak däl­mi? El­bet­de, şeý­le. Hut şo­nuň üçin hem Olim­pia­da­lar he­mi­şe adam­za­dyň dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Şol äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de ga­ral­ýan Olim­pi­ýa oýun­la­ry bol­sa 1896-njy ýyl­dan bä­ri her dört ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Pla­ne­ta­nyň sport baý­ra­my­ny ta­ryh­da 3-nji ge­zek ka­bul et­mek hä­zir­ki za­ma­nyň Olim­pia­da­la­ry­ny gaý­ta­dan di­kel­den Pýer de Ku­ber­te­niň Wa­ta­ny Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň pa­ýy­na düş­di. Fran­si­ýa­nyň il­kin­ji ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny 1924-nji ýyl­da ka­bul eden­di­gi­ni ha­sa­ba al­saň, on­da bu ge­zek­ki oýun­lar şol wa­ka­nyň bir asyr­lyk şan­ly se­ne­si bi­len d

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Olimpiýa oýunlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk topary döredildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs

Üstünlik hemraňyz bolsun, olimpiýaçylarymyz!

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli wise-premýere Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň şol tabşyrygyndan ugur alnyp, 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul – 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy.

Futbol täzelikleri

16-njy aw­gust­da ýur­du­my­zyň fut­bol çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji aý­la­wy­na ba­dal­ga ber­ler. Şol gün «Aş­ga­bat» – «Kö­pet­dag» to­par­la­ry du­şu­şar. Çem­pio­na­tyň 19-njy tap­gy­ry 17-nji aw­gust­da «Ahal» – «Ener­ge­tik» hem-de «Ne­bit­çi» – «Merw» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­lar bi­len jem­le­ner.

Türk­men tür­gen­le­ri Pa­riž­de

Ga­ra­gu­muň atly päl­wany

Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň Bük­riö­leň oba­syn­da dün­ýä inip, ke­ma­la ge­len, hä­zir Ar­tyk oba­syn­da ýa­şa­ýan Baý­ja (azan ady Baý­sä­het) bi­len ta­nyş bo­lup, şu gü­ne çen­li gat­na­şyp ýö­rüs. Wag­tyň geç­me­gi bi­len, il­kin­ji ta­nyş­lyk dost­lu­ga öw­rül­di. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň jüm­mü­şin­dä­ki Gy­zyl­ja­ga­la oba­syn­da ýa­şa­ýan, il ara­syn­da giň­den ta­na­lyp, sar­pa­lan­ýan Ak işan ata­my­zyň ne­sil­le­ri­niň tu­tan ge­lin toý­la­ry­na, soň­ra bol­sa Ça­lyş oba­sy­nyň gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän Bük­ri­ça­ran oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­sy Ka­ka­baý aga­la­ryň ge­lin toý­la­ry­na gat­naş­mak, ýa­kyn­da bol­sa Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň Ho­ja­meň­li, Bük­riö­leň, Haş­şan, Kyrk­gu­ýy, Ga­ra­ja­ow­lak oba­la­ryn­da we beý­le­ki ýer­ler­de bol­mak ne­sip et­di. Baý­sä­het bi­len uzak ýo­la ýol­daş bo­lup, onuň di­ňe bir türk­men mil­li gö­re­şi bi­len meş­gul­lan­man, Ga­ra­gum säh­ra­sy­ny ilik-düw­me bil­ýän säh­ra­ýy adam­dy­gy­na hem göz ýe­tir­dim.

Taryhda şu gün

Türgenleri 99 medal gazanan (45 altyn, 27 kümüş, 27 bürünç) ABŞ-nyň ýygyndy topary umumy hasapda bäsleşigi birinji orunda tamamlady. Finlýandiýanyň (14-13-10) hem-de Fransiýanyň (13-15-10) ýygyndy toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlarda ornaşdylar.