«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024
Mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň tomus dynç alşyna çykmagy bilen, mugallymlaryň durmuşynda täze okuw ýyly üçin zähmet rugsady we okuw-usuly taýýarlyk arakesmesi döwri başlanýar. Şeýle pursatlarda Garaşsyz döwletimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli çärelere, medeni-sport başlangyçly iri toýlara, sport baýramçylyklaryna has içgin tomaşa edip, gözýetimiňi giňeltmäge ajaýyp şertler döreýär.