Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde iň gowy makalalaryň we goşgularyň hem-de paýtagtymyzyň gözel künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň, kollažlaryň «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär

22 Mart 2023
867

Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz ozal başga neşirlerde çap edilmedik eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň maksady ýurdumyzyň baş şäheri bolan gözel Aşgabadyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky şöhratly ösüşlerini, Ýer ýüzünde asudalygyň, parahatçylygyň we dost-doganlygyň, sportuň merkezi hökmündäki belent abraýyny we kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbini, döwrüň belent ruhuny wasp edýän, halkymyzyň ajaýyp zamanamyza bolan buýsanjyny mynasyp şöhlelendirýän iň gowy eserleri okyjylar köpçüligine ýetirmekden ybaratdyr. Bäsleşige hödürlenýän makalalaryň möçberi 2 kagyzdan köp bolmaly däl. Olar «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly bäsleşige diýen ýazgy bilen «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 10-una çenli gowşurylmalydyr. Bäsleşige hödürlenen makalalaryň, goşgularyň hem-de fotosuratlaryň iň gowulary gazetde çap ediler. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
39-96-24, 39-96-34.
Beýleki habarlar