«Aýly ýaz»-yň işleri saz

3 Noýabr 2021
2561

Ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek ugrunda irginsiz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna uly goldaw berilýär, telekeçiler üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän hususy düzümleriň biri hem «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýetidir.

«Diňe tebigy önüm» şygaryny öňe sürýän «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti iki görnüşli haryt nyşany bilen duzlanan gök-bakja önümlerini, miwe şerbetlerini we mürepbeleri halkymyza hödürleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherindäki pomidor goýutmasyny öndürýän zawodyň durkuny täzeläp, bu ýerde gaplama önümlerini taýýarlaýan döwrebap önümçilik toplumyny döretdi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alýan türkmen telekeçileriniň döwlet eýeçiligindäki kärhanalary üstünlikli hususylaşdyrýandyklarynyň nobatdaky mysalydyr.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar