Ekologiýa abadançylygy

18 Fewral 2021
2068

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak derwaýys meseleler bolmak bilen, dünýä döwletleriniň gyzyklanmasyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz bu ugurda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Biodürlüligi we tebigy gözelligi gorap saklamak boýunça ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär we Köpetdagyň eteklerinden Sarygamyş kölüne, Amyderýadan Hazaryň kenarlaryna çenli, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek bilen baglanyşykly iri maksatnamalaýyn işler ýokary depginlerde amala aşyrylýar. «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi barada», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Tokaý kodeksi» we beýlekiler bu maksatlary durmuşa geçirmekde hukuk esaslaryny emele getirýär.

Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa hem-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy işlenip taýýarlanylyp, ýörite meýilnama laýyklykda, ýaşaýyş üçin zerur bolan tämiz howany üpjün etmek hem-de türkmen tebigatyny has-da gözelleşdirmek maksady bilen her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bütin ýurdumyz boýunça millionlarça düýp miweli, saýaly, pürli, şeýle-de üzüm nahallary ekilýär. Mundan başga-da ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamakda ýurdumyzda hereket edýän döwlet tebigy goraghanalarynda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Gülsere KUŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar