Daşky gurşaw we halkara gatnaşyklary

18 Fewral 2021
2089

Hormatly Prezidentimiziň oňyn döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, geljekde bu ugurda amala aşyryljak işler babatynda Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy we Düzgünnamasy tassyklanyldy. Konsepsiýa laýyklykda, Aral meselesini çözmek ugrunda dünýä, sebit we milli derejelerde uly tagallalar edilýär. Bu maksatnamanyň esasy maksady bolsa, ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakdan we Türkmenistanyň çäginde Aral betbagtçylygynyň netijelerini azaltmakdan, ýagny adamzat üçin amatly şertleri üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Mundan başga-da, Maksatnamanyň wezipeleriniň hataryna Aral deňziniň suw zolaklaryny halas etmäge gönükdirilen çäreleriň, şeýle-de BMG-niň Aral deňzi meselesini çözmäge gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylmagy girýär.

Uzukjemal PAŞŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar