Watansöýüjiligiň nusgasy

10 Fewral 2021
1214

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy, ýaş nesilleriň watansöýüji, bilim-terbiýeli, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmegi üçin amala aşyrylýan beýik işleriň gerimi has-da giňeýär.

Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri biziň üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Şeýle ajaýyp eserleriň biri-de «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabydyr. Bu eserde milli däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly, Watana wepalylygyň ýokary nusgasy rowaýatlaryň, nakyllaryň, tymsallaryň üsti bilen beýan edilýär. Olaryň ýaş nesil bolan biziň milli ruhda terbiýelenmegimizde, bilim almagyň we hünär öwrenmegiň durmuşda tutýan ornuna düşünmegimizde ähmiýeti örän uludyr. Watansöýüjiligi ündeýän bu kitap biziň Watanymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Bilbil ÇARYÝAROWA,
Serdar şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
Beýleki habarlar