Akyl — paýhas hazynasy

17 Ýanwar 2021
1644

Ýakynda Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň düýp özenini, terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmek, olarda halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine buýsanjy artdyrmak, watançylyk duýgusyny ösdürmek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilelikde gurady. Oňa dürli kärdäki we hünärdäki zenanlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjy zenanlar gezekli gezegine degişli şertler esasynda çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dikeltmek, nesillerde milli gymmatlyklara, asyrlaryň dowamynda ähmiýetini ýitirmän gelýän asylly ýörelgelerine bolan buýsanjy artdyrmak, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek babatdaky tagallalary hakynda söhbet açan bagtyýar zenanlar döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bölekleri okadylar, ondaky rowaýatdyr hekaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezdiler, bu gymmatly kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini goşgudyr gazallaryň üsti bilen beýan etdiler.

Nowruz ÖWLÝAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy. SURATDA: bäsleşikden pursat.
Beýleki habarlar