«Hakyda göwheri» — köňülleriň buýsanjy

22 Dekabr 2024
202

Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar halkymyzyň ruhuny belende göterýär, kalplary joşdurýar. Şeýle ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby uly ilimize sowgat boldy. Bu ajaýyp kitap türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini dünýä ýaýýar, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine çuňňur düşünmäge giň mümkinçilik döredýär. Kitabyň türkmen we iňlis dillerinde çap edilmegi hem şöhratly taryhymyzyň dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, halkymyzyň milli ýörelgesini, şöhratly taryhyny beýan edýär. Bu ajaýyp kitabyň birinji babynyň «Taryha syýahat», ikinji babynyň bolsa «Ruhy miras» diýlip atlandyrylmagynda örän çuňňur many bar. Munuň özi şöhratly taryhymyzy sarpalamak, ata-babalardan miras galan ruhy gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmek ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Taryh hakynda beýan edilende kitapda şeýle ajaýyp filosofiýa ünsi çekmek gerekdir: «Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler». Bu çuňňur manyly filosofiýa halkymyzyň taryhy, täze eýýamy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki şöhratly taryhy bolan halkymyzyň taryhy ösüşiniň täze tapgyry, şöhratly eýýamy bu günki gün dünýä ýaýylýar.

Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň direktory.
Beýleki habarlar