Türkmen-malaý gepleşikleriniň jemleri: möhüm resminamalar

19 Dekabr 2024
186

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapdy.

Malaýziýanyň Hökümet binasynda döwlet Baştutanymyzyň hem-de dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň gatnaşmaklarynda resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň wiza talaplary kem-käsleýin ýatyrmak hakynda arasynda Ylalaşygy hakynda notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiýasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-I» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek babatda täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik şertleri barada Teswirnama bar.

«Türkmenistan»
Putrajaýa ş.
Beýleki habarlar