Bagtyýarlygymyzy wagyz etmek bagty

18 Dekabr 2024
116

Günbe-günden gülleýän güneşli Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň  parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşlere, özgerişlere ýetip, her bir günümiz toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň netijesinde döwletimiziň gazanýan üstünliklerinden ganatlanyp, halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, gurýar, döredijilikli zähmet çekýär.

Etrabymyzyň zähmetsöýer adamlary, işjeň partiýa agzalary ata-babalarymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesine, gadymdan gelýän asylly däplerine eýerip, ýurdumyzy ösdürmekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm orun degişlidir. Biz hem, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik özgertmelerine ilatyň arasynda geçirýän wagyz-nesihat işlerimiz bilen goşandymyzy goşýarys. Döwlet Baştutanymyzyň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemekde, olarda türkmen halkyna mahsus bolan edermenlik, watançylyk, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk ýaly iň oňat sypatlary oýaryp, Watana, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy maksat edinýäris.  

Söhbetgylyç GYLYJOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar