Halypa bilen duşuşyk

28 Noýabr 2024
308

23-nji noýabrda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Halypa heýkeltaraş paýtagtymyzda we dostlukly ýurtlarda oturdylan türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelini ýasamagyň öz paýyna düşendigini uly buýsanç bilen belledi. Ol taryhy şahsyýetler Oguz hanyň, Görogly begiň, halypa kinorežissýor Alty Garlyýewiň, belli nakgaş Yzzat Gylyjowyň, nusgalyk ýol goýan bagşy Sahy Jepbarowyň, meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň, zehinli şahyr Gurbannazar Ezizowyň heýkellerini taýýarlamakda alyp baran döredijilik gözlegleri, 40 ýyldan gowrak wagt bäri şägirtleri ýetişdirmekde alyp barýan işleri barada talyplara täsirli gürrüň berdi.

Duşuşykda ussat heýkeltaraş ýaşlar bilen sowal-jogap alyşdy, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalaryna jogap edip, talyp ýaşlara geljekde yhlasly zähmete, kämillige gol berip, halypalaryň asylly ýol-ýörelgelerine eýermegi arzuw etdi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar