Oba hojalygy

27 Noýabr 2024
288

Sürüm işleri ýokary depginde

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen «ak altyny» iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmaklygy öndürijilikli dowam etdirýän welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary, şol bir wagtyň özünde, hasyldan boşan meýdanlarda sürüm işlerine hem agzybirlik bilen girişip, bu derwaýys çäräniň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Bu babatda olara etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň mehanizatorlarynyň uly goldaw berýändiklerini bellemek bolar.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar