Açyşlary bilen abraý alan

11 Noýabr 2024
268

(Oçerk)

Üstünden esli ýyl geçensoň, sahypalary saralan gazetlere göz aýlaýaň weli, şol ýyllaryň wakalaryna dolananyňy duýman galýaň. Bu gezegem şeýle boldy. Wah, ýogsam, orta boýludan deşli, tegelekden bugdaýreňk ýüzi hemişe ýylgyryp duran adamy men 20 ýyl bäri tanaýan. Birini taryplaberseň: «Goňşy oturypmydyň? Ýolda ýoldaş bolduňmy?» diýlip soralagan bolýar. Ýolda ýoldaş bolanym-a hak. Özem nijeme gezek. Bäri-bärem däl. «Altyn asyr» Türkmen kölüne, onuň baş akabalarynyň boýlaryna, ýurdumyzyň çägindäki suw howdanlaryna. Ýadarsyň, üst-başyň, ýüz-gözüň çaňjaryp durandyr, tot-tozandyr, ýöne keýpiň topugyňdan dökülýändir. Sebäbi saňa ýolbeletlik eden adam şu ugurdaky edaranyň ýolbaşçysy, özem şeýle bir aladaçyl, galdaw, guramaçy, barlan, görlen ýerlerdäki işlere bäş barmagy ýaly beletdir weli, sen: «Hernä, oňuna bolaýsady-da?!» diýip, ugran işiň göwnüňdäkidenem aňry bolup biteni üçin argynlygy duýmarsyň. Kiçigöwün bu adam bilen hoşlaşanyňda bolsa: «Wah, hemme kişi şeýle bolaýsady!» diýip oýlanarsyň.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.
Beýleki habarlar