Bilimli ýaşlar – ýurduň geljegi

4 Oktýabr 2024
372

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim berilmegi, olaryň hünär öwrenmegi, edep-terbiýeli, Watana, il-güne wepaly adam-lar bolup ýetişmegi üçin aýdyň maksatly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik maksatly işleriň netijesinde ýurdumyz sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi ýaşlaryň kämil bilim almaklary, döwrebap ösüşleriň üpjün edilmegi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine mynasyp goşant goşmak döwrebap bilimli ýaşlara bagly bolup durýar.

Watanymyzyň ykdysady we medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak we onuň abraýyny halkara derejesinde ýokarlandyrmak, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gaza-nanlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli ýetişdirmek bu işiň özenini düzýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmakda we bu ugurda bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmakda mugallymlaryň aýratyn orny bardyr. Döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösmegi ýaşlara zerur bolan maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň, öwretmegiň iň täze ugurlary kemala gelýär, çünki sanly ulgamyň ösmegi bilen, okatmagyň we bilim bermegiň usulyýeti kämilleşýär. Bu ugur esasynda dünýä dillerini öwretmek döwrebaplygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Leýli TEKÄÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň 18-nji orta mkedebiniň rus dili mugallymy.
Beýleki habarlar