Kämil ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

3 Oktýabr 2024
342

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, daşary ýurt dillerini bil-ýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredil-ýär. Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Ylym-bilimi öwrenmekde dil biliminiň hem möhüm orny bar, çünki dünýä dillerini bilýän hünärmen ylmy edebiýatlardan peýdalanyp bilýär. Dünýäniň ylmy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir.

Hawa, daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýägaraýşymyzy giňeltmegiň, bütindünýä bilen aragatnaşyk saklamagyň möhüm şertidir. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek zerur hasaplanýar, çünki iň täze tehnologiýalardan baş çykarmak, dünýä ýaşlary bilen aýakdaş gitmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şonuň üçin eýýäm mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere iňlis we rus dilleri öwredilip başlanýar. Çagalar bagyny üstünlikli tamamlap mekdebe başlanlarynda hem başlangyç synp okuwçylaryna iňlis we rus dillerini öwretmek dowam etdirilýär. Biz - mugallymlar hem okuw sapaklarynda okuwçylaryň ünsüni çekmek üçin we daşary ýurt dillerine bolan höwesini has-da artdyrmak üçin iň öňdebaryjy usullardan ýerlikli peýdalanýarys.

Nasiba IMAMOWA,
Çärjew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar