Aýdym-sazly dabara

2 Oktýabr 2024
401

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrap merkezindäki «Gökdepe» toý mekanynda «Ýaşuly nesil türkmen ýaşlary üçin mekdepdir» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Ýaşuly nesliň wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen aýdym-sazly dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, ýurdumyzda dili senaly ýaşululara, mährem enelere goýulýan çäksiz sarpa, ýaşulularyň jemgyýetdäki orny dogrusynda gürrüň edildi. Dabarany etrabyň medeniýet merkeziniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary bezedi. Joşgunly aýdym-sazlarda, milli öwüşginli halk döredijilik çykyşlarynda aramyzda mekdep bolup ýaşaýan ýaşululardyr mährem eneleriň waspy belentden ýetirildi.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar