Jümle-jahan habarlary

25 Sentýabr 2024
346

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Ýaponiýaly Tomiko Itoko dünýäniň iň uly ýaşly ynsany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 1908-nji ýylyň 23-nji maýynda doglan bu zenan 116 ýaşynda. Ol çagalykdan sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýeripdir. Tomiko Itoko ýaşlyk ýyllarynda sportuň woleýbol görnüşi we alpinizm bilen meşgullanypdyr. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri 5 ýyldan bäri garrylar öýünde ýaşaýan Tomiko Itoko degişli şahadatnamany gowşurdylar. Bu ugurda öňki dünýä rekordy 117 ýaşap, aradan çykan ispaniýaly Mari Braniasa degişlidi.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar