Birža täzelikleri

12 Awgust 2024
543

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 505 müň dollaryndan gowrak boldy.

(TDH)
Beýleki habarlar