Yhlasly zähmetiň miwesi

9 Awgust 2024
569

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýratyn nygtady. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň dokma senagaty pudagy bu gün düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Bu pudagyň önümçilik düzümlerinde taýýarlanylýan önümler ýokary hilliligi we ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanyp, diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly isleg bildirilip satyn alynýar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öndürýän ýüplükleri, Bereket şäherindäki tikin fabriginde, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasynda taýýarlanylýan dürli tikin we örme önümleri, egin-eşikler alyjylaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Kämil enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen bu kärhanalarda taýýarlanylýan ýokary hilli tikin önümleri bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar