Amyderýa sebitlerinden tapylan Parfiýa teňňeleri

5 Awgust 2024
908

Diýarymyzyň gündogar sebitlerindäki käbir taryhy we medeni ýadygärlikleriň çäklerinden ýüze çykarylan Parfiýa patyşalygy zamanasynyň dürli döwürlerine degişli teňňeler alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle tapyndylaryň ýüze çykarylan ýerleriniň biri hem Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň günorta böleginde ýerleşýän Mürzebeg galasydyr. 1967 — 1975-nji ýyllar aralygynda gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýadygärligiň keşbi uly depe görnüşinde bolup, ol ýerde keramika gaplarynyň böleklerine, diwarlaryň galyndylaryna, şeýle hem ýyllaryň geçmegi bilen çüýrüntgä öwrülen gatlaklara duş gelmek bolýar. Ýadygärligiň medeni gatlagynyň galyňlygy onuň köpasyrlyk taryhyna şaýatlyk edýär.

Arheologik barlaglaryň netijesinde Mürzebeg galasynda ýaşaýşyň sekiz-dokuz asyra golaý dowam edendigine şaýatlyk edýän köpsanly tapyndylar ýüze çykaryldy. Bu ýerdäki ilkinji ýaşaýyş jaý galyndylary b.e. öňki III-II asyrlara degişlidir. Biziň eýýamymyzyň başlarynda bu ýerde medeni-durmuş şertleri ýokary derejä ýetip, gala umumy meýdany bir inedördül kilometr meýdany eýeleýän şähere öwrülipdir.

Şatlyk ILMYRADOW,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar