Türkmen gyzy, ýeňiş seniňki bolsun!

2 Awgust 2024
287

Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň nyşany bolan sport äleminde öz mynasyp ornuna eýe bolup, at-abraýyny barha berkidip gelýän ýurdumyzyň ezber türgenleri bu gün nobatdaky dünýä möçberli halkara sport ýaryşyna gatnaşýar. Bu buýsançly waka mynasybetli paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda geçirilen 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada gatnaşýan türkmen türgenlerine iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz türgenleri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň öňde boljak dünýäniň iri sport baýramçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parlatjakdyklaryna ynam bildirdi. Şeýle belent ynama mynasyp bolan türgenleriň deň ýarysynyň gyzlar bolmagy, türkmen zenanynyň dogumly hem edenli keşbi bolup aňymyza müdimi siňen Altynjan hatyn, Zarina, Nurça perreň, Güljemal han ýaly taryhda uly yz goýan zenan şahsyýetlerimizi hyýalymyzda gaýtadan janlandyrdy. Pariž Olimpiadasyna sportuň dzýudo görnüşi boýunça gatnaşýan 19 ýaşly Maýsa Pardaýewa, suwda ýüzmek boýunça güýjüni synajak 17 ýaşly Aýnura Primowa sport äleminde ýaş türgendiklerine garamazdan, öň milli we halkara derejeli ýaryşlarda üstünlik gazanmagy başardylar. Sportda kämillik ýoluna düşüp, ýeterlik tejribä eýe bolan Walentina Meredowa bolsa, ylgaw ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny gorar.

Aýgül GARAÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar