Soltan we imperator

2 Awgust 2024
661

1071-nji ýylda Beýik Seljuk we Wizantiýa imperiýalarynyň taryhynda iň baý hyýala getirme bilen hem oýlap tapyp bolmajak bir waka bolup geçdi. Bu babatda Fýodor Dostoýewskiý: «Hiç haçan fabulalary, hileleri oýlap tapmaň. Durmuşyň berýänlerini alyň. Durmuş biziň ähli oýlap tapjaklarymyzdan has baýdyr!» diýende, juda mamla bolsa gerek.

Seljuklar ozal parahatçylyk barada ylalaşyk baglaşan ýurdunyň özlerine garşy uruş turzup biljekdigine iň soňky pursatlara çenli ynanmandyrlar. Hatda aňtawçylar Alp Arslana üstüne ägirt uly goşunyň sürnüp gelýändigini aýdanlarynda-da, ol imperator Roman Diogeniň ýanyna ilçi ugradypdyr. Emma Diogen onuň parahatçylyk hakyndaky teklibini gopbamsylyk bilen ret edipdir. Imperatoryň özüne çendenaşa ynamynyň nämä esaslanandygyna düşünse bolar, çünki britan ylmy barlagçysy Kerol Hillenbrandyň ýazmagyna görä, ol Alp Arslanyň 40 müň atlysynyň garşysyna 600 müň adamlyk goşuny sürüpdir.

Juma ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar