Änew medeniýeti — milli buýsanjymyz

30 Iýul 2024
714

Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň döreden medeni gymmatlyklary diňe sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşine uly goşant goşdy. Mälim bolşy ýaly, mundan ençeme asyrlar öň dörän taryhy, medeni gymmatlyklarymyzyň ençemesi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Olar häzirki döwürde-de düýpli öwrenilip, geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegi-de, munuň aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde, tutuş ýylyň dowamynda bu gadymy şäheriň ýadygärlikler toplumynyň şanşöhratyny bütindünýä ýaýmaga, Änew medeniýeti bilen dünýä halklaryny içgin tanyşdyrmaga giň mümkinçilikler döredi.

Ylmy çeşmelerden bilşimize görä, Änew şäheriniň at-owazasy asyrlara uzan künjegiň taryhyny öwrenmäge gatnaşan, bu ugurda uly işleri amala aşyran alymlar, arheologlar gadymy mekanyň geçmişini öwrenmekde asylly goşant goşdular. Änew medeniýetini öwrenmek bilen, köp sanly ýadygärlikleriň we gymmatlyklaryň üsti açyldy. Şol tapylan ýadygärlikleriň we gymmatlyklaryň örän gadymylygy, gymmatlydygy subut edildi.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar