Formula 1 boýunça möwsümiň 11-nji ýaryşy Beýik Britaniýanyň Silwerstoun şäherçesinde geçirildi. 52 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda «Mercedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lýuwis Hamilton ýeňiş gazandy. Ol 2-nji hatardan başlan ýaryşyny 1 sagat 22 minut 27,059 sekuntda tamamlap, 945 günden soň F1 ýaryşynda birinji orny eýeledi. Ýagny ol soňky gezek F1-de 2021-nji ýylyň dekabrynda Saud Arabystany «Gran Prisinde» ýeňiji bolupdy. Bu onuň 104-nji ýeňşi bolup, ol öz rekordyny ösdürdi. Şeýle-de, 39 ýaşyndaky Hamilton bir «Gran Pride» 9-njy ýeňşini gazanyp, bu ugurda-da rekordyň ýeke-täk eýesi boldy. Ýaryşda 2-nji ýeri «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen eýeledi. Ol ýeňijiden 1,465 sekunt yza galdy. Münberiň 3-nji basgançagyna «McLaren» toparynyň britan sürüjisi Lando Norris çykdy. Onuň awstraliýaly topardaşy Oskar Piastriniň 4-nji bolan ýaryşynda «Ferrari» toparynyň ispan piloty Karlos Saýns Junior 5-nji ýeri eýeledi.
Ýaryşa ilkinji hatardan başlan «Mercedes» toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassell 33-nji aýlawda ulagynda dörän näsazlyk sebäpli ýaryşy tamamlap bilmedi.