«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Halkymyzda «Ölüsini sylan beg bolar» diýlişi ýaly, gadymyýetden gelýän ýörelgeler esasynda öten-geçenleriň ruhuna goýulýan sarpa juda ýokarydyr. Aýratynam, Watan ugrunda gaýduwsyzlyk görkezip janyny orta goýan gerçekleriň hatyrasy has belent tutulýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda kynçylykly ýowuz günleri başdan geçirip wepat bolan türkmenistanly gahrymanlaryň hatyrasyna 9-njy maýda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreler «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu dabaralaryň Watanymyzyň syýasy durmuşynda ähmiýeti uludyr.