Gymmatly gazna

27 Iýun 2024
957

Asylly ýörelgämize laýyklykda, ýyllarymyzyň her biri mynasyp atlandyrylýar we gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ýylyň ady bilen şöhratlanýar. Mälim bolşy ýaly,   «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem her bir güni şanly wakalara, beýik ösüşlere we uly rowaçlyklara beslenýär. 

Golaýda biz Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bolup, «Taryhyňy bilmek — borç, öwrenmek — sogap» diýen halk pähimine eýerip, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp gördük. Muzeý gymmatlyklarynyň arasynda ýakynda ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan gadymy Daşoguz topragyndan ýerli ýaşaýjylar tarapyndan tapylan 8 sany altyn, 3 sany kümüş teňňelerini, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň böleklerini, 8 sany dürli reňkdäki tapyndylary  ýakyndan görmek juda täsirli boldy.

Durdy TOPOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik.
Beýleki habarlar