Edebiýat agşamy geçirildi

17 Iýun 2024
797

14-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet — ynsan kalbynyň nury» atly edebiýat agşamy geçirildi.

Onda döredijilik işgärleri bolan zehinli žurnalist, ýazyjy Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Enejan Orazmyradowa, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary çykyş edip, örän täsirli gürrüň berdiler.

Oguljahan ERNEPESOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň medeni köpçülik işler bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar