Ajaýyp üstünlikleriň ykrarnamasy

5 Iýun 2024
344

Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň sowatly, ynsanperwer, kämil ahlak gymmatlyklaryna eýe şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin amala aşyrýan işleri, oňyn özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp netijelerini berýär.

Bu işler sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyzyň adam saglygy hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitländigini-de alamatlandyrýar. Şonuň netijesinde bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak ýurdumyzyň raýatlarynyň, esasan-da, ýaş nesliň gündelik durmuş kadasyna öwrüldi. Türkmenistanda sporty ösdürmäge, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga gönükdirilen işler we ýurdumyzda sportda gazanylan üstünlikler üçin Halkara Tennis federasiýasynyň (HTF) prezidenti jenap Dewid Haggertiniň döwlet Baştutanymyza Halkara Tennis federasiýasynyň güwänamasyny gowşurmagy munuň şeýledigini bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Şonuň bilen birlikde-de, ol ata Watanymyzda «Ruhubelentlik, belent ahlaklylyk, kämil bilim we dury akyl saglykdan gözbaş alýar» diýlen pikire gulluk edilýändigini-de äşgär edýär.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar