Balkan dagy — gözellikler mesgeni

4 Oktýabr 2023
1863

Ýurdumyzyň tebigatynda daglar aýratyn orun tutýar. Dag gözelligi bilen özüne bendi edýär. Onuň sergin, jana tenekar howasynda seriň giňäp, keýpiň göterilip, ruhuň täzelenýär. Daga çykan adamyň göwni guş bolup uçýar.

Uzaklardan howalanyp görünýän Balkan dagy gözelligi, howasynyň, çeşmeleriniň suwunyň arassalygy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy hem köpleriň ünsüni özüne çekýär. Uly Balkanyň iň beýik nokady Arlan deňiz derejesinden 1881 metr belentlikde durýar. Oňa başgaça Düneşgala gerşi hem diýilýär. Uly Balkan bilen Köpetdagyň arasynda ýerleşýän Kiçi Balkanyň iň beýik gerşi bolsa deňiz derejesinden 777 metr belentlikdedir. Uly Balkan dagynda 250-ä golaý janyňa şypa berýän süýji suwly, ululy-kiçili çeşmeler bar. Durnagöz çeşmeleriň suwy bu ýerlerde mekan tutup ýaşaýan bürgüt, käkilik, ýabany towuk, daşdeşen ýaly guşlar, dag goçy, dag tekesi, tilki, towşan ýaly ownukly-irili haýwanlar üçin ýaşaýyş çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Amanberdi Babaýew,
welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň döwlet inspektory.
Beýleki habarlar