Şypaly howa şertleri döredilýär

14 Aprel 2023
1706

Döwletimiziň esasy baýlygy bolan adam saglygy üçin zerur bolan arassa daşky gurşawymyzy we ekologiýamyzy goramak her bir adamyň möhüm borjudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak we ony rejeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde döwrebap derejede ösdürilýär.

Häzirki wagtda bu babatda uly tagallalar edilýär. Adamlar bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygy emele getirmek jana şypaly howa şertlerinde uzak ýaşamagy üpjün edýär. Bag nahalyny ekmek, suwa aýawly garamak ata-babalarymyzdan galan ýörelgedir.

Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar