Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy siziň goragyňyzyň kepilidir!

12 Aprel 2023
695

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Watanymyzy «2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» we 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinden ugur alnyp, ýurdumyzyň makroykdysady durnuklylygyny, ykdysady kuwwatyny berkitmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we sebitlerini kadaly hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ajaýyp ýylymyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdy ösdürmekden, halkyň eşretli ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny hemmetaraplaýyn, kämil derejede üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň her bir pudagyny, zähmetkeşler toparyny, her bir maşgalany parahatçylygyň, sahabatlylygyň, ynsanperwerligiň ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine, maksada okgunly alyp gitmek hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň gözbaşynda durýandyr. Ätiýaçlandyryş ulgamy hem öz gezeginde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge öz goşandyny goşýar. Häzirki wagtda Döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynda ätiýaçlandyrýanlary durmuş-ykdysady taýdan goramak maksady bilen hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyň 6 (alty) sany we meýletin ätiýaçlandyryşyň 50 (elli) sany görnüşleri boýunça şertnamalary baglaşmaklyk amala aşyrylýar. Giň köpçüligiň arasynda has isleg bildirilýän görnüşleriniň biri «Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş» bolup durýar.

Şularyň esasynda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen, Türkmenistanda hasaba alnan ýa-da onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary bilen ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýar.

Beýleki habarlar