Suw — ählumumy ösüşiň gönezligi

4 Aprel 2023
738

Daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Bu gün suwy tygşytlamak meselesi ählumumy meselä öwrüldi. Suw serişdeleri döwletleriň, sebitleriň we tutuş dünýäniň howpsuzlygyna, ykdysady we durmuş ulgamynyň ösüşine täsir edýär. Suw dünýäniň ähli halklaryna degişli bolan tutuş adamzadyň umumy mirasydyr. Şonuň üçin suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak Durnukly ösüş maksatlarynyň aýratyn ähmiýetli wezipeleriniň biridir.

Türkmenistan umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda suw we suw-energetika meselelerine garalmagyny, olaryň oňyn çözülmegini öňe sürýär. Suw diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup durýar. Gürrüň ekologiýa babatynda barýarka, ekologiýa çökgünliginiň daşky gurşawa täsirini azaltmak we şol täsirleri aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň diňe bir sebitiň däl, bütin Ýer ýüzüniň,tutuş adamzadyň abadançylygy babatynda nähili ähmiýete eýedigi düşnüklidir. Çünki daşky gurşawyň arassalygyny goramak her bir adamyň borjy bolşy ýaly, ol sebitleriň, ýurtlaryň, adamzadyň hem mukaddes borjy bolup durýar. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2019-njy ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi tutuş sebitimiz üçin örän ähmiýetli waka boldy. Biziň ýurdumyz suw serişdelerine deň we adalatly elýeterlilik ýörelgelerine berk ygrarlylyk, onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi ýörelgeleri bilelikdäki işiň baş şerti bolmagynda galmalydygyna ünsi çekýär.

Ogulmiwe ÇARYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň magistranty.
Beýleki habarlar