Bag — durmuşyň bezegi

29 Mart 2023
723

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde Diýarymyzda ýaşyl zolaklaryň hatary barha artýar. Häzirki wagtda oba-şäherlerimizde oturdylýan bag nahallary diňe bir köçe-ýollarymyzyň ugurlaryna görk bermän, eýsem, edara-kärhanalaryň, okuw mekdepleriniň, guramalaryň howlularyny, meýdançalaryny bezeýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle asylly ýörelgeleriň barha dabaralanmagy türkmen ýaşlarynyň döwletlilik ýörelgelerine laýyk terbiýelenmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem bag ekmek ýaly asylly hem sogaply işe, bu ugurda geçirilýän çärelere ýaşlar işjeň gatnaşyp, Arkadagly Serdarymyzyň göreldesi bilen netijeli işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bag nahallarynyň oturdylmagy, olara ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy halkymyzyň abadan durmuşy, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak baradaky aladanyň buýsançly beýanydyr.

Arslan ÇAKANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysady bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar