Seýil-seýrandaky sazlaşyk

27 Mart 2023
864

Gerekli serişdeleri saýlamak

Dynç alşa gidenimizde tehnologiýalardan we uly şäheriň gündelik gaýtalanýan durmuşyndan dynç almagy meýilleşdirýänem bolsak, gezelenjimizi ýa-da syýahatymyzy mümkingadar ýeňilleşdirmek üçin bir gezeklik ulanylýan plastik gaplar, çygly süpürgiçler ýaly önümleri ýanymyzdan goýmaýarys. Syýahatçylaryň arasynda bir gezeklik ulanylýan serişdeleri dynç alan ýerlerinde galdyrmagy endik edinýänler hem ýok däl. Tebigata zyýan ýetirmezlik üçin syýahatda ulanjak serişdeleriň köp gezek ulanylýan bolmagy zerurdyr. Gezelençde ulanyljak gap-gaçlaryň metaldan ýasalanlary berkligi, ýeňilligi hem-de köp gezek ulanmaga niýetlenendigi sebäpli daşky gurşawyň abadançylygy üçin iň oňaýlysydyr.

Taýýarlan Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar