Ýokary ruhubelentlige beslendi

20 Mart 2023
1302

18-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatymyzyň şäherleriniň, etrap merkezleriniň, şäherçeleriniň, obalarynyň ýaşaýjylary ýokary watançylyk hyjuwy bilen  gatnaşdylar. Balkanabat şäherinde bu sogaply işe Uly Balkan dagynyň etegindäki gözel ýerde badalga berildi. Baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, ýaş çatynjalara  hem-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da  belende göterdi.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar