Bosagada — möhüm möwsüm

14 Mart 2023
1459

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew batly gadamlar bilen gülläp ösýän mähriban ýurdumyzyň gül görküne görk goşýan ýazky bag ekiş möwsümine Daşoguz welaýatynda ykjam taýýarlyk görülýär. Demirgazyk sebitiň giň sähra gol berýän künjeginde täze döredilýän «ýaşyl zolagyň» tutuş boýy gözellik döredýän zähmet joşguny, ýaz ýakymly aladalar bilen nurlanýar. Ýylsaýyn bagy-bossanlyga bürelýän, ynsan zähmeti bilen gülzarlyga beslenýän ýerlerde şu günler agrotehniki çäreler geçirilýär, toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýat merkezi bilen gözel paýtagtymyzy birleşdirýän Daşoguz — Aşgabat uly ýolunyň 32-nji kilometrinden başlap, alys gözýetime uzap gidýän bu giňlikde öňki oturdylan nahallar daragt bolup, boý alýar, olaryň nyzamly hatary uly meýdanyň gül meňzine keşde çekýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýazky bag ekiş möwsümine badalga berilýän sogaply günde gül açýan meýdanyň 10 gektar ýerinde bag nahallarynyň 4 müň düýbi oturdylar. Günüň şugla saçyp, topragyň gülgün roýunyň durlanýan häzirki günler bu töwerek ýaz ýakymly hereketlere dolýar, bag ekişi üçin bellenilen meýdanda dürli kysymly traktorlar işledilýär, sürüm, tekizleýiş işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky ilhalar syýasatyny durmuşa geçirmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň köpçülikleýin geçirilmegini gazanmak hem-de şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň arassaçylygyny has-da gowulandyrmak maksady bilen welaýat boýunça toplumlaýyn çäreler meýilleşdirilýär. Bag nahallaryny oturtmak işi göz öňünde tutulýan çäreleriň esasyny düzýär. Şu ýyl welaýat boýunça agaç nahallarynyň 300 müň düýbi ekilýär. Şonuň 200 müň düýbi ýaz paslynda, 100 müň düýbüni bolsa, güýz aýlarynda ekmek göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ýylsaýyn artýan bag bezegine täze goşulýan baglaryň üçden biriniň miweli agaçlardygy has guwandyrýar. Ýene-de sanlyja ýyldan boýy ýetip, hasyl getirjek bu baglaryň baldan datly miweleri, bereketli saçaklaryň bezegine öwrüler. Bagt gadamly ak baharyň başky aýynyň sähetli gününde başlanýan bag ekiş çäresini guramaçylykly geçirmek babatynda welaýatyň ähli etrabynda degişli işler ýaýbaňlandyryldy. Şol gün welaýatyň ähli ýerlerinde pürli, saýaly we miweli baglaryň müňlerçe düýbi oturdylar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar