Täsinlikler äleminde

30 Noýabr 2022
841

Geň welosiped

Häzirki döwürde dünýäniň ähli künjeginde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär we ulaglaryň ekologik taýdan arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy babatda tagalla edilýär. «ELE Solar» atly welosiped bu artykmaçlyga eýe bolmagyna garamazdan, energiýa ulanýar. Bu welosiped Gün energiýasyny ulanmak bilen daşky gurşawa zyýan ýetirmeýär. Gün şöhlesini energiýa öwürmek üçin onuň tigirlerinde paneller gurnalandyr. Bu ýörite paneller welosipediň hereketlendirijisini Gün energiýasy bilen üpjün edýär. Panelleriň ýüzlerini şöhläniň düşýän tarapyna öwürmek mümkin. Welosipediň üç görnüşli hereketlendiriş tertibi bar. Hereketlendirijini ulanmazdan, ýarym elektrik güýç bilen welosipediň tizligini ýokarlandyryp bolýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Akmuhammet ANNABERDIÝEW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar